Tramp ABŞ-da pandemiýanyň ýaramazlaşjakdygyny duýdurdy
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp koronawirus bilen bagly ýagdaýlaryň kadalaşyp başlamagyndan owal, Birleşen Ştatlarda pandemiýanyň ýaramazlaşjakdygyny duýdurdy. Tramp bu barada aprelden bäri pandemiýa boýunça geçiren ilkinji brifinginde çykyş etdi.
21-nji iýulda Ak Tamda eden çykyşynda Tramp waksinalar we bejergi boýunça gazanylan öňegidişlikler barada hem durup geçdi.
Tramp ýüz maskalaryny geýmäge hem çagyrdy.
Bu aralykda, ABŞ-da bir gije-gündiziň dowamynda COVID-19 sebäpli 1 müňden hem aşa adam ýogaldy.
Dünýäniň beýleki döwletlerinde hem koronawirus ýagdaýlary ýygjamlaşyp, wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça çäreler gaýtadan girizilip başlandy.