Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Июль
2020

Şaýat: Köşiniň hassahanasynda koronawirusdan günde 50 ç​​​​​​​emesi adam ​​​​​​​ölýär

0
Şaýat: Köşiniň hassahanasynda koronawirusdan günde 50 ç​​​​​​​emesi 
adam ​​​​​​​ölýär

Aşgabat şä​herinde COVID-19 keseliniň alamatlary bolan näsaglaryň sany artýar. Olara pnewmoniýa diagnozy goý​ulý​ar. Keselhanadaky ý​agdaý​lara ş​aý​at bolan Aşgabadyň ý​aş​aý​jysy munuň​ koronawirusdan baş​ga zat dä​ldigini aý​dyp, şä​heriň​ 1-nji hassahanasynda gü​nde ortaç​a 50 adamyň​ ö​lýä​ndigini belleýär​. Türkmen hä​kimiyetleri ýurtda koronawirusiň​ we pnewmoniýanyň ý​okdugyny aý​dý​arlar.

Aşgabadyň Köşi sebitindäki 1-nji şäher hassahanasynyň näsaglardan doludygyny, bu ýerde ýagdaýyň gaty agyrdygyny keselhanadaky ýagdaýlara şaýat bolan Aşgabadyň ýaşaýjysy Azatlyk Radiosyna gürüň berdi.

"Bu ýerde COVID-19 näsaglary saklanýar. Adamlary yzygiderli keselhana getirýärler. Keselhana näsaglardan doly. Hemme kişä pnewmoniýa diagnozy goýulýar. Bu hassahana köne bolsa-da, ol örän uly" diýip, keselhanada saglyk bejergisini alan aşgabatly ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

Bellemeli ýeri, bu ýaşaýjy Azatlyk Radiosyna hassahananyň içindäki ýagdaýlary öz gözi bilen görüp, bu barada gürrüň beren ilkinji şaýatdyr. Onuň sözüne görä, hassahanada günde onlarça adam ölýär we saglyk işgärleri heläk bolan raýatlaryň jesetlerini morga geçirip ýetişmekde kynçylyk çekýärler.

"Hassahananyň intensiw bejeriş bölüminde günde ortaça 50 adam ölýär. Keselhanana getirilýän näsaglaryň sany we onda ölýänleriň sany haýran galdyrýar. Reanimasiýada adamlary morga alyp gitmäge wagt ýok" diýip, ýaşaýjy aýtdy.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada 1-nji şäher hassahanasyndan we Aşgabat şäheriniň saglyk bölüminden kommentariý alyp bilmedi.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy häzirki wagtda şäher ýaşaýjylarynyň howsalaly ýagdaýdadygyny aýdýar. Onuň sözüne görä, adamlar "wirusdan däl-de, ýurduň saglyk ulgamynyň ýagdaýyndan, lukmanlaryň we häkimiýetleriň açgözlüginden has köp gorkýandyklaryny" aýdýarlar.

Aşgabatdaky beýleki bir habarçymyz 19-njy iýulda Gaudan "B" etrapçasynyň ýaşaýjysy, bir garry aýalyň koronawirusdan ölendigini habar berdi.

"Bu aýal şu gün irden Çoganlynyň gonamçylygynda jaýlandy. Aýal jaýlananda, hiç hili köpçülikleýin jaýlanyş däp-dessurlary berjaý edilmedi" diýip, habarçy 20-nji iýulda beren maglumatynda aýtdy.

Azatlyk Radiosy howpsuzlyk aladalary sebäpli gürrüňi edilýän aýalyň şahsyýetini köpçülige mälim etmeýär. Redaksiýanyň bu barada şäheriň saglyk bölüminden kommentariý almak synanyşyklary netije bermedi

Bu aralykda, Azatlygyň paýtagtdaky ýene bir habarçysy öz tanyşlaryndan azyndan 20 adamyň şäheriň dürli hassahanasynda saglyk bejergisini alýandygyny habar berdi.

"Olaryň saglyk ýagdaýy gaty agyr. Kislorod enjamlarynyň ýetmezçilik edýändigini aýdýarlar" diýip, aşgabatly habarçymyz 20-nji iýulda gürrüň berdi.

Soňky günlerde Türkmenistandaky habarçylarymyz COVID-19 keseliniň simptomlary bilen kesellän adamlaryň sanynyň artýandygyny we ölýänleriň köpelýändigini aýdyp gelýärler.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda koronawirus bilen kesellänleriň ýokdugyny tekrarlap, onuň bolup bilmegini inkär edýärler. Şeýle-de, olar soňky aýlarda möwç alan ýiti pnewmoniýanyň ýaýramagyny hem ykrar etmeýärler.

Hatda 15-nji iýulda geçirilen metbugat konferensiýasynda Bütindünýä saglyk guramasynyň Türkmenistana baran missiýasynyň wekili ýurtda gelip çykyşy näbelli pnewmoniýanyň bardygyny tassyklasa-da, türkmen resmileri pnewmoniýa ýok diýip çykyş etdiler.

Muňa garamazdan, soňky hepdelerde türkmen häkimiýetleri ýurtda keseliň ýaýramagyna garşy görlüp-eşidilmedik derejede çäre gördüler. Ýurt içindäki transport gatnawy çäklendirildi, bazarlar we söwda merkezleri ýapyldy. Ilatdan maska dakmak talap edilip, muňa kanun goraýjy edaralaryň işgärleri we harbylar tarapyndan gözegçilik edilýär. Şeýle-de, uçarlar asmandan antiseptik sepýärler, köpçülik ýerlerinde öýken we dem alyş infeksiýalarynyň ýokaşmak ähtimallygy barada ilata duýdurylýar.

Bu habarlaryň arasynda, Aşgabadyň demirýol hassahanasynda jesetleri dolamak üçin niýetlenen plastik paketleriň ýetmezçilik edýändigi, döwlet resmileriniň muny yzygiderli üpjün edip bilmeýändigi habar berilýär.

"Düýn, ýekşenbe güni lukmanlar plastik paketleriň gutarandygyny duýdurdylar. Ýolbaşçylar ölenleri dolamak üçin paketler bilen üpjün etmegi wada beripdi. Häzir hlorly mata doladylar. Ony hiç bir ýagdaýda açmaly däldigini we şeýdip jaýlamalydygyny tabşyrdylar" diýip, habarçymyz 20-nji iýulda gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bu barada şäheriň demirýol hassahanasyndan kommentariý alyp bilmedi.

Bu aralykda, şu günler Parahat-1 we Parahat-2 etrapçalaryndaky köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň girelgelerinde arassaçylyk işleri geçirilip, olara derman serişdeleri sepilýär.

"Bu derman serişdeleriniň ysy örän ýiti bolup, olary girelgeleriň ähli ýerine sepýärler. Onuň düzüminde hlor we beýleki himiki serişdeler bar ýaly bolup görünýär" diýip, habarçymyz aýtdy.

Beýleki bir habarçymyz bolsa, Balkanyň Türkmenbaşy şäherinden Aşgabada gelen ýaşaýjylara salgylanyp, ýurduň günbatar welaýatyndaky şäherde maska dakynmak talabynyň ýokudygyny habar berýär.

"Şäherdäki adamlar maskasyz gezýärler. Diňe ýol polisiýasynyň postlarynda sürüjilerden maska dakynmagy talap edýärler" diýip, habarçy 20-nji iýulda beren maglumatynda aýtdy.

10 günläp Türkmenistana sapar eden BSG-niň wekilleri ýurtda COVID-19 keseliniň bardygyny resmi taýdan ne inkär etdiler, ne-de tassykladylar. Emma olar ýurt resmileriniň “ýurtda koronawirus bar ýaly” hereket etmelidigini aýtdylar.

BSG-niň toparynyň 15-nji iýulda geçiren metbugat ýygnagynda aýdylşyna gorä, bilermenler Türkmenistanda diňe öňünden kesgitlenen sanawdaky desgalara baryp görüpdirler. Türkmen ýolbaşçylary BSG-niň wekilleriniň bu beýanaty barada öz pikirini mälim etmediler. Emma Türkmenistandaky habarçylarymyz we çeşmelerimiz koronawirusly näsaglaryň daşary ýurtly bilermenlere görkezilmändigini birnäçe gezek habar berdiler.

 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин. Главное за день


Спорт в России и мире
Москва

В "Локомотиве" иронично отреагировали на ничью в матче ЦСКА со "Спартаком"


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
WTA

Мирра Андреева замыкает год // 16-летняя российская теннисистка успешно стартовала на крупном турнире WTA в Мадриде


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Компания ICDMC стала победителем престижной премии в сфере ЗОЖ – Green Awards 2023/24





Путин в России и мире
Москва

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о формировании взаимовыгодного международного сотрудничества


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Лукашенко: на территории Польши и Прибалтики готовят атаки на восток




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Ru24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Захарова: встречи по продвижению "формулы Зеленского" дают Киеву чувство вседозволенности


Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Игорь Бутман

Квинтет Игоря Бутмана и певица Фантине впервые выступят на джазовом фестивале в Бахрейне



Москва

С Эрдоганом пора заканчивать. Турция готовится 9 мая в США нанести России предательский удар в спину

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net