Hytaýyň Sinjiaň sebiti köpelýän koronawirus hadysalaryny togtatmak üçin “uruş ýagdaýyna” geçýär
Hytaýyň günbataryndaky Sinjiaň sebiti koronawiris hadysalarynyň birden täzeden möwjäp başlamagy bilen, ony togtatmak ugurndaky söweşde “uruş ýagdaýyna” geçýändigini aýdýar.
Sinjiaň sebitiniň häkimiýetleri 19-njy iýulda tassyklanan 17 hadysanyň we 23 sany asimptomatiki, ýagny simptomsyz ýokuşmanyň bardygyny, mundan başga 269 adamyň gözegçilik astyna alnandygyny habar berdiler.
Sebitiň paýtagty Urumçynyň resmileri 16-njy iýulda, keselçilik hadysalarynda biraz köpelmäniň bardygy belli bolan badyna, şäheri ýapmak bilen, uçuşlary, metro we otly gatnawlaryny gyssagly togtatmak buýrugyny berdiler.
Jemgyýetçilik ýygnanyşyklary, üýşmeleňler hem gadagan edildi.
Saglygy goraýyş resmileri bu sebite goýberilýän serişdeleriň möçberini artdyrdy, 200 sany saglyk işgäriniň Urumçynyň ähli ýerinde giň gerimli saglyk synaglaryny geçirjekdigi aýdylýar. Koronawirus wirusy 2019-njy ýylyň ahyrynda Hytaýyň merkezi Wuhan şäherinden ýaýrap başlady diýip bilinýär.
Bu ýurt pandemiýany esasan berk petikleme çäreleri arkaly gözegçilik astyna aldy, ýöne daşary ýurtly hünärmenleriň köpüsi habar berilýän sanlara şübhe bildirýär.