123ru.net
World News in Turkmen

Habarowsk şäherinde ýerli ýolbaşçynyň tussag edilmegi sebäpli guralýan protestler dowam edýär

041
Habarowsk şäherinde ýerli ýolbaşçynyň tussag edilmegi sebäpli guralýan protestler dowam edýär

Orsýetiň Uzak Gündogaryndaky Habarowsk şäheriniň adamlary 19-njy iýulda hem köçelere çykyp, Kremliň garşysyna çykan ýerli häkimiň tussag edilmegine garşy protestlerini dowam etdirdiler.

Täze ýygnanyşyklar Habarowsk ülkesiniň gubernatory Sergeý Furgalyň boşadylmagyny talap etmek üçin 590 müň ilatly şäherde on müňlerçe adamyň gurnan parahatçylykly demonstrasiýasyndan bir gün soň boldy.

9-njy iýulda Habarowskde tussag edilip, Moskwa iberilen Furgal 2004-2005-nji ýyllarda adam öldürmek synanyşygynda we iki adamy öldürmäge buýruk bermekde günäkärlenýär. Moskwa şäher sudy 16-njy iýulda ýapyk gapylaryň arkasynda Furgalyň deslapky tussaghana ýerleşdirilmegi barada karar kabul etdi.

Russiýanyň Liberal Demokratik partiýasynyň agzasy bolan 50 ýaşly Furgal özüne bildirilen aýyplamalary ret edýär we onuň tarapdarlary bu jenaýat işiniň syýasy maksatlydyklaryny aýdýarlar.

Furgal iki ýyl ozal dolandyryjy “Birleşen Russiýa” partiýasyna wekilçilik edýän gubernatordan üstün çykyp,  Hytaý bilen serhetleşýän Habarowsk ülkesiniň ýolbaşçylygyna saýlandy.

Today24.pro

Комментарии для сайта Cackle

Слухи, сплетни...









Новости Москвы на Moscow.media



Все города России от А до Я

123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.