123ru.net
World News in Turkmen

Türkmen resmisi BMG resmileri bilen adam hukuklaryny maslahatlaşdy

027

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajýew 17-nji iýulda BMG-niň iki resmisi bilen wideo arkaly söhbetdeş boldy. 

Duşuşyga BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Rişard Komenda we BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa gatnaşdy diýip, Türkmen DIM-niň websaýty habar berýär. 

Taraplar adam hukuklary pudagynda Hereketleriň Milli meýilnamalaryny işläp düzmek we olaryň monitoringi boýunça pikir alyşdylar, Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň mejlisleriniň uly orny hakynda bellenildi diýip, habarda aýdylýar.

Şeýle-de, BMG-niň adam hukuklary boýunça taslamalarynyň amala aşyrylmagynda tehniki kömek bermek, BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Maksatnamalar boýunça milli hünärmeniniň BMG-niň Aşgabatdaky edarasynyň düzüminde işe başlamagy baradaky meselä seredildi. 

Mundan başga, duşuşyga gatnaşyjylar COVID-19 pandemiýasy şertlerinde howply ýokanç keseliň ýaýramagynyň öňüni almak we goşmaça çäreleri görmek barada maslahatlaşdylar.

Türkmenistan COVID-19-dan goranmak barada ilata wagtynda we dogry maglumat bermezlikde, esasy adam hukuklaryny we azatlyklaryny onlarça ýyl bäri bozmakda tankyt edilýär.

Türkmenistanda metbugat azatlygy ýok we garaşsyz neşirler bilen hyzmatdaşlyk edýän žurnalistler yzarlanýar.

Светские новости

Комментарии для сайта Cackle

Слухи, сплетни...









Новости Москвы на Moscow.media



Все города России от А до Я

123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.