Ermeni-Azerbaýjan serhedinde az wagtlyk böwşeňlikden soňky dartgynlyk ýokarlanýar
Ermenistanyň Goranmak ministrligi 17-nji iýulda serhediň demirgazyk-gündogar bölegindäki ýagdaýyň gijäniň dowamynda "birneme asuda" bolandygyny we Ýaragly güýçleriň serhet ýakasyndaky ýagdaýy berk gözegçilikde saklaýandygyny aýtdy.
Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginiň aýtmagyna görä, 12-nji iýulda ermeni harbylary Azerbaýjanyň serhet ýakasyndaky ýerlerine artilleriýa hüjümini amala aşyrmaga synanyşandan soň dartgynlylyk güýçlendi. Ministrligiň maglumatyna görä, 11 harby gullukçy öldürildi.
Ermenistanyň Goranmak ministrligi hem öz gezeginde azerbaýjan goşunyny serhedi böwüsmek synanyşygynda günäkärledi. Ermenistanyň maglumatyna görä, goşunyň dört esgeri öldürilip, on adam ýaralandy.
Soňky 24 sagadyň dowamynda birneme asuda bolandygyna garamazdan, Azerbaýjan 16-njy iýulda beýanat çap edip, ermeni güýçleri Azerbaýjanyň strategiki suw howdanyna hüjüm etse, Ermenistanyň ýadro elektrik stansiýasyna zarba urup biljekdigini duýdurdy.
"Ermeni tarapy goşunymyzyň häzirki zaman raketa ulgamlarynyň Metsamor atom elektrik stansiýasyna takyk zarba urmaga ukyplydygyny ýatdan çykarmaly däldir" diýip, Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Wagif Dargyakly aýtdy.
Ermenistanda sowet döwründe gurlan ýadro desgasy Azerbaýjanyň ýakyn ýarany Türkiýe bilen serhet ýakasynda ýerleşýär.
Ermenistanyň harbylarynyň metbugat sekretary Artsrun Howhannisýan Ermenistanyň Azerbaýjan beýannamasyny halkara hyzmatdaşlarynyň dykgatyna ýetirendigini aýtdy.
Ol ermeni resmileriniň Azerbaýjandaky raýat desgalaryna hüjüm etmek haýbatyny hiç wagt atmandyklaryny aýtdy.