123ru.net
World News in Turkmen
Июль
2020

ABŞ uýgur hukuklaryny bozandyklary üçin hytaý emeldarlaryna garşy sanksiýa girizdi

0
ABŞ uýgur hukuklaryny bozandyklary üçin hytaý emeldarlaryna garşy sanksiýa girizdi

Birleşen Ştatlar Hytaýyň ýokary derejeli resmilerine, Waşingtonyň pikirine görä,  uýgurlara we günbatar Sinjiang sebitindäki beýleki musulman azlyklara garşy adam hukuklaryny "aýylganç we yzygiderli" bozandyklary üçin sanksiýalary girizdi.

“Hytaý Kommunist partiýasy uýgurlar, etniki gazaklar we Sinjiangdaky beýleki azlyklaryň agzalary bilen bagly adam hukuklarynyň depelenmegini, mejbury zähmeti, esassyz köpçülikleýin tussag etmegi we ilata gözegçilik etmegi amala aşyryp, olaryň medeniýetini we musulman ynanjyny ýok etmäge synanyşýan mahaly, Birleşen Ştatlar hereketsiz durmaz" diýip, 9-njy iýulda ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo aýtdy.

Sanksiýalar üç hytaý emeldarynyň ABŞ-nyň çägindäki emläklerini doňdurmagy, işewür gatnaşyklaryny gadagan etmegi we wiza çäklendirmelerini öz içine alýar.

Bu üç adamyň arasynda Hytaýyň Kommunist partiýasynyň Sinjiang sebiti boýunça başlygy Çen Kuanguo (Chen Quanguo) bolup, onuň dini we etniki azlyklara garşy repressiýanyň arhitektorydygy öňe sürülýär.

Sanksiýa girizilen beýleki iki hytaý emeldarynyň biri Sinjiangyň syýasy we hukuk komitetiniň öňki başlygy Zhu Hailun (Zhu Hailun) bolup, beýlekisi sebit howpsuzlygy bölüminiň başlygy Wang Mingsandyr (Wang Mingshan).

ABŞ-nyň Maliýe ministrligi dördünji adama, ýagny Sinjiang welaýatynyň öňki howpsuzlyk işgäri Huo Liujuna (Huo Liujun) garşy hem sanksiýa girizdi.

ABŞ-nyň bu çäklendirmeleri Sinjiang sebitinde adam hukuklarynyň gödek bozulmagynyň artýandygy baradaky habarlaryň arasynda, Hytaýa basyş etmek üçin edilýän güýçlendirilen tagallalaryň bir bölegidir.

Pekin bu sebitde 1 milliondan gowrak uýgury we aglabasy musulmanlardan ybarat beýleki etniki toparlaryň agzalaryny ýörite lagerlere hem-de türmelere ýerleşdirmekde aýyplanýar. Bu ýerde olar 2017-nji ýylyň başyndan bäri ideologiki tertip-düzgüne sezewar edilip, öz dinini we dilini ýazgarmaga mejbur edilýar hem-de fiziki taýdan kemsidilýär.

Hytaý häkimiýetleri uýgurlara we beýleki musulman azlyklaryna garşy görýän çärelerini terrorçylyga garşy göreş we hünär, okuw merkezlerini döretmek zerurlygy bilen delillendirýär.

Bu merkezlere ýerleşdirilen adamlar daşy baglanan territoriýadan çykmagyň gadagan edilendigini we daşarky dünýä bilen aragatnaşygyň çäklidigini aýdýarlar. Merkezdäki tussaglaryň dini dessurlaryny berjaý etmäge hukugy ýok we olar hytaý dilini öwrenmeli. 

1-nji iýulda ABŞ-nyň hökümeti kärhanalar üçin maslahat beriji beýanaty ýaýradyp, olary haryt bilen üpjün edýänleriň Sinjiangdaky tussag lagerlerindäki mejbury zähmetden peýdalanýan bolmagynyň mümkindigini duýdurdy.

Şu ýylyň iýun aýynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Hytaýyň Sinjiang uýgur awtonom sebitinde uýgurlaryň we beýleki musulmanlaryň ýanalýandygy üçin sanksiýa girizmek hakyndaky kanuna gol çekdi.

 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин: Новый путепровод улучшит пропускную способность других трасс


Спорт в России и мире
Москва

Актера Свиридова госпитализировали из-за инфицирования после операции в Москве


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Екатерина Александрова

Александрова впервые войдет в топ-15 мирового рейтинга


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Энергетические поля компенсируют растущие потребности в электроэнергии





Путин в России и мире
Москва

Мособлдума выступила за присвоение Красноармейску высокого звания


Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Ru24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Киев признал стагнацию ВСУ по всей линии фронта


Навальный в России и мире
Москва

СМИ: Байден и Шольц не успели предложить Москве обменять Навального



Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Денис Мацуев

Двое ставропольцев войдут в команду музыкантов Дениса Мацуева



Москва

В Москве пройдут показы музыкальной драмы «Le prince André. Князь Андрей Болконский»

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net