123ru.net
World News in Turkmen
Июль
2020

Farapda we Çärjewde häkimlik “harasatdan ejir çekenler üçin”, haja dalaşgärlerden pul ýygnaýar

0
Farapda we Çärjewde häkimlik “harasatdan ejir çekenler üçin”, haja dalaşgärlerden pul ýygnaýar

Farap we Çärjew etraplarynyň häkimlikleri, ýerli din wekilleri we metjitleriň ymamlary şu ýyl haj nobaty ýeten ýa-da öz hasabyna haja gitmegi meýilleşdiren etrap ýaşaýjylaryndan öz serişdelerini “harasatdan ejir çekenler üçin” häkimlige geçirmegi talap edýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 7-nji iýulda habar berdi.

Ýerli häkimiýetler haja dalaşgärlere “COVID-19 sebäpli bu ýyl haja gitmek mümkin däl, pullaryňyzy haýyr-sogap üçin beriň! Bu kyn güne düşen raýatlara eden kömegiňiz uly sogap bolar diýen mazmunda wagyzlar köpeldi” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, degişli gürrüňdeşliklere Farabyň we Çärjewiň etrap häkimlikleriniň işgärleri, din wekilleri we ýerlerdäki metjitleriň ymamlary gatnaşýar.

“Olar harasatyň yzda galdyran weýrançylygyny ‘aradan aýyrmak maksady bilen’ haj zyýaratyna gitmäge niýet eden ýaşaýjylaryň degişli serişdelerini häkimligiň hasabyna geçirmegi soraýarlar we talap edýärler” diýip, Azatlygyň habarçysy ýerli dolandyryş edaralaryndaky çeşmelerine salgylanyp habar berdi.

Dünýewi Türkmenistan her ýyl haj zyýaratyna isleg bildirýän 150 töweregi raýatyny döwlet howandarlygynda Saud Arabystanyna ugradýar. Ýöne bu ýyl global koronawirus pandemiýasy sebäpli Saud Arabystany halkara haj zyýaratçylaryny kabul etmejekdigini aýtdy. Bu barada patyşalygyň Haj we umra ministrligi 22-nji iýunda ýaýradan beýanatynda, nobatdaky haj möwsüminde diňe ýurt içinde ýaşaýan dalaşgärlere “örän çäkli möçberde” haj zyýaratyny amal etmäge rugsat berjekdigini duýdurdy.

Şu ýyl haj möwsümi iýul aýynyň ahyryna gabat gelýär.

Pandemiýanyň fonunda türkmen häkimiýetleri türkmenistanly zyýaratçylaryň bu ýyl Saud Arabystanyna zyýarata goýberilmezlik ähtimallygy barada baryp mart aýynyň başlarynda haja gitjeklere duýdurypdy.

Mundan ozal, Türkmenistanda haj zyýaratyna döwlet howandarlygynda gitmek isleýän käbir raýatlaryň munuň üçin häkimiýetlere para berýändigi, häkimiýet wekilleriniň hem olardan para alýandygy geçen ýylyň sentýabr aýynda resmi derejede boýun alyndy. Ýöne Farap we Çärjew etrabyndaky soňky tejribelere bilen ýerli häkimiýetler, mälim bolan maglumatlara görä, zyýaratçylaryň haja niýetlän maliýe serişdelerini ilkinji gezek “haýyr-sahawat maksady bilen” olaryň ellerinden almaga synanyşýar.

Galyberse-de, synçylara görä, Türkmenistanda 2017-nji yýlda kabul edilen “Haýyr-sahawat işi hakyndaky” kanuny döwlet häkimiýet edaralaryna hem-de ýerli öz-özüni dolandyryş edaralaryna haýyr-sahawat gaznalaryny esaslandyrmaga ýa-da oňa gatnaşmaga rugsat bermeýär, ýöne kanunçylyk meýletinlige we kanunylyga esaslanýan haýyr-sahawat işini goldaýar we kepillendirýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Farap we Çärjew etrabynyň häkimliklerinden olaryň mejbury haýyr-sahawat talaplary barada goşmaça resmi maglumat alyp bilmedi.

Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde turan heläkçilikli harasatdan 2,5 aý töweregi wagt geçdi. 27-nji aprelde ýurduň Lebap we Mary welaýatlarynda turan tupan onlarça adamyň ölümine getirdi we sebitiň durmuş üpjünçiligine agyr zarba urdy. Farap we Çärjew etraplary harasatdan iň agyr zyýan çeken regionlaryň hataryndadyr. Geçen döwrüň dowamynda hökümet resmileri we ýerli häkimiýetler bu tebigy heläkçilik barada tutanýerlilik bilen dymyşlygy saklap geldiler.

Şol bir wagtyň özünde, häkimiýetler raýat başlangyçlary bilen bat berlen ujypsyz haýyr-sahawat işleriniň öňüni aldy, harasatdan ejir çekenlere özbaşdak ýardam etmäge synanyşan telekeçileriň ýoluny baglady we islendik ýardamyň diňe döwlet edaralarynyň üsti bilen ejir çekenlere gowşurylmagyny talap etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин открыл движение по путепроводу через МЦД-3 и будущий ВСМ


Спорт в России и мире
Москва

Актера Свиридова госпитализировали из-за инфицирования после операции в Москве


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
ATP

Хачанов победил Черундоло и пробился в 1/8 финала турнира ATP в Майами


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

В Москве прошла эковыставка Hydrate The World





Путин в России и мире
Москва

Путин уточнил у Беглова причины снижения популярности Петербурга у туристов


Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Ru24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Киев признал стагнацию ВСУ по всей линии фронта


Навальный в России и мире
Москва

СМИ: Байден и Шольц не успели предложить Москве обменять Навального



Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Noize MC

«В России будет то, чего не было, и не будет того, что было»: Земфира, Noize MC, Парфенов и другие звезды записали рэп-молитву в память о Навальном



Москва

«Авангард» победил «Локомотив» со счетом 3:2 и сравнял счет в серии плей-офф КХЛ

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net