123ru.net
World News in Turkmen

Marynyň Garagum etrabynyň ýaşaýjylary işsizlikden kösenýär. Köp maşgalalar çagalaryň kömek pulunyň hasabyna ýaşaýar

026
Marynyň Garagum etrabynyň ýaşaýjylary işsizlikden kösenýär. Köp maşgalalar çagalaryň kömek pulunyň hasabyna ýaşaýar

Türkmenistanda ykdysady kynçylyklaryň ýitileşmeginiň arasynda, Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň ýaşaýjylarynyň aglabasy işsizlikden kösenýär. Köp maşgalalar gözgyny ýagdaýda ýaşaýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň baýramalyly habarçysy habar berýär.

"Her maşgalada azyndan 6 adam bolsa, olaryň diňe biri işleýändir, olam gara iş. Sebäbi hökümetde iş tapmak gaty kyn. Hojalyklaryň aglabasynda hiç ýerden girdeji ýok. Diňe käbir hojalyklarda potrat ýerleri bar, olaram ýylda bir sapar "dahot", girdeji hökmünde alýarlar. Bu adamlar ýylyň dowamynda dükanlara ýazgy edip, iýip içýärler. Her ýyl girdejilerini alansoň, tutuş ýylyň dowamynda ýazdyryp alnan harytlaryň bahalaryny töleýärler" diýip, habarçy ýerli ýaşaýjylara salgylanyp, 6-njy iýulda gürrüň berdi.

Habarçy işsiz adamlaryň güzeranynyň has-da kyndygyny aýdyp, bu ýagdaýy bir maşgalanyň mysalynda gürrüň berdi.

"Garagumyň bir obasynyň ýaşaýjysy Arslan aga we onuň aýaly indi ençeme ýyl bäri hiç ýerde kadaly iş tapyp bilmeýär. Olaryň 4 çagasy bar. Arslan aganyň özi baý hojalyklarda gara işde işleýär. Ol adamlar her iş gününe 15 manatdan töleýärler, ýöne bu iş günde bolup durmaýar. Olar melleklerine gök ekip, şony obanyň içine aýlap satýarlar. Onuň 7-8-nji klas çagalary eşek arabaly goňşy obalara aýlanyp, çüýşe çöpläp, olary tabşyrýarlar. Kähalatlarda olar şähere gaýdyp, zir-zibillerden çüýşe, plastik çüýşeler, gaty nan çöpleýärler. Käte-de başga obalara, şäherlere aýlanyp, sadakaňyz bar bolsa beräýiň diýip soraýarlar. Şeýdip olar iýjek çöreklerini zordan tapýarlar" diýip, habarçy şeýle ýagdaýdaky maşgalalaryň sanynyň sanardan kändigini hem aýtdy.

Onuň sözüne görä, häzirki wagtda işsizlik sebäpli hojalyklaryň köpüsi döwlet tarapyndan çagaly enelere berilýän kömek pulunyň hasabyna ýaşaýar. Ýöne bu kömek puluny almak üçin-de adamlar resmilere para bermäge mejbur bolýarlar.

"Eger-de ýaňy doglan çaganyň kömek puluny aljak bolsaň, öňünden 200 manatdan gowrak para bermeli bolýar. Bu parany bermeseň, dürli bahanalar bilen jemlenen kagyzlary yzyna gaýtarýarlar. Şonuň üçin adamlar öňünden ýokardaky agzalan puly bermeli bolýarlar. Adamlaryň ýaşaýşy gaty kyn, bu daşky etraplarda has-da göze ilýär" diýip, habarçy belledi.

Habarçy käbir maşgalalaryň, ellerinde pul bolmansoň, çagalary ýaramanda öz wagtynda hassahana ýüz tutup bilmeýändigini, şol sebäpli çagalaryň saglyk ýagdaýynyň has-da agyrlaşmagy bilen bagly ýagdaýlara-da duş gelse bolýandygyny hem belledi.

Şeýle-de, ol işsiz adamlaryň iş gözleginde ençeme sagatlap etrabyň zähmet biržasynyň öňünde nobata durýandygyny, ýöne olaryň iş tapmak umytlarynyň köplenç puja çykýandygyny hem aýtdy.

"Bu ýere öran köp adam barýar. Olaryň hemmesiniň nomer telefonlaryny alyp galýarlar. "Eger-de iş bolsa habar ederis" diýýärler. Ýöne bizde para bermeseň işe girip bolmaýar. Şeýlelikde, olardan jaň hem gelmeýär. Hat-da diňe hökümet işi üçin däl, firmada iş tapyp berýän adamlar hem para alýarlar" diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada Mary welaýat we Garagum etrap häkimliklerinden kommentariý alyp bilmedi. Şeýle-de, ýurduň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýerli bölümi bilen hem habarlaşyp bolmady.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň ýitileşmeginiň, pudak edaralarynyň birikdirilip, iş orunlarynyň kemeldilmeginiň arasynda, Azatlygyň habarçylarynyň sözüne görä, soňky ýyllarda işsizlikden kösenýän adamlaryň sany barha artýar.

Emma dünýäde uly energiýa baýlyklary bilen tapawutlanýan ýurtlaryň biri, şol bir wagtda ilat sany sebitdäki ýurtlar bilen deňeşdirilende hem iň az ýurt bolan Türkmenistan işsizligiň derejesi baradaky statistikany mälim etmeýär.

Şu aýyň başynda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy ýylyň başyndan bäri azyndan iki kärhananyň ýapylandygyny we başga-da dördüsiniň birikdirilendigini habar berdi. Ol munuň netijesinde ýüzlerçe adamyň işsiz galandygyny hem aýtdy.

Şu ýylyň aprelinde Lebap welaýatynyň 10-dan gowrak döwlet kärhanasynda işgärleriň 25-30%-niň wezipesinden çetleşdirilýändigi mälim boldy.

Türkmen häkimiýetleri ykdysady kynçylyklar, işsizlik we munuň bilen bagly ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan problemalary barada hiç zat aýtman gelýärler.

 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Комментарии для сайта Cackle
123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.