123ru.net
World News in Turkmen
Июль
2020

Mekge hem saglyk meseleleri. Musulmanlara haj zyýaraty gadagan edildi

0
Mekge hem saglyk meseleleri. Musulmanlara haj zyýaraty gadagan edildi

Saud Arabystany koronawirus sebäpli bu ýyl haj zyýaratynyň ýatyrylýandygyny yglan etdi. Haj zyýaraty iýul aýynyň ahyryna gabat gelýärdi, ýöne COVID-19pandemiýasynyň howpy sebäpli onuň ‘örän çäklendirilendigini’ aýtdy. Her ýylda bäş günüň dowamynda geçirilýän haj zyýaratyny ýurduň öz ilaty hem-de eýýäm patyşalygyň içinde bolan myhmanlar geçirip bilerler. Şeýle hem Er-Riýad ençeme syýasy hem ykdysady howplardan ätiýaçlanyp, şeýle-de birnäçe yslam döwletleriniň yslamyň bäş sütüniniň biri bolan haj zyýaratyna bu ýyl gatnaşmakdan saklanmagy sebäpli şu karara gelnendigini aýdýar. Ýer ýüzüniň 1, 8 milliard ilaty yslam dinine uýýar.

Saud Arabystanynyň Haj we umra ministrliginiň 23-nji iýundamälim etmegine görä, haj zyýaratyny etmek häzirki wagtda patyşalykda bolan musulmanlara milletine garamazdan rugsat edilýär. Şol wagtyň özünde zyýarata barjaklaryň köplük sany görkezilmeýär. “Bu kararyslam dininiň taglymatlaryna laýyklykda, jemgyýetçilik saglygy nukdaýnazary göz öňünde tutulyp, haj zyýaratynyň howpsuz geçirilmegi üçin kabul edildi” diýlip, ministrligiň maglumatynda aýdylýar.

2019-njy ýylyň awgustynda geçen haj zyýaratyna gatnaşyjylaryň sany rekord derejä ýetipdi, oňa 2 million 500 müňden gowrak adam gatnaşdy. Ýöne häzirki wagtda saud patyşalygyny näsaglaryň sanynyň has artyp barmagy alada goýýar.  Täze koronawirus infeksiýasy 165 müň adama ýokuşdy, olardan 1400 çemesi ýogaldy. Bu Pars aýlagyndaky arap patyşalyklarynyň arasynda iň ýokary görkezijidir. Şeýle-de bolsa, Er- Riýad 21-nji iýunda, ýekşenbe güni komendant sagatlaryny ýatyrdy hem jemgyýetçilik ýerlerindäki, hyzmatlar ulgamyndaky, şol sanda kinoteatrlara, sport desgalaryna girizilen karantin çärelerinden birnäçesini ýatyrdy.

“Haj zyýaratyny çäklendirmek” baradaky kararyň yglan edilmeginiň zyýarata barmagy niýet edinýän dünýäniň millionlarça musulmanyna psihiki taýdan güýçli täsir etmegi mümkin. Munuň üçin olar barja gazanjyny jemläp goýýarlar hem haja gitmek nobatyna garaşýarlar. Şeýdip, uzak wagtlar dowamynda niýet edinen haj zyýaratyny amala aşyrýarlar. Hajher bir gurby çatan musulman üçin parz saýylýar, ol kelimeýi-şahadaty aýtmak, namaz okamak, zekatbermek, Remezan aýynda orazatutmak bilen deň hatarda gelýän yslamyň bäş sütüniniň biri. Kämillige ýeten hem saglyk ýagdaýy mümkinçilik berýän, elinde harjysy bolan her bir musulman ömründe azyndan bir gezek Mekgä baryp, haj zyýaratyny etmeli.

Saud Arabystanynyň Haj we umra işleri baradaky ministriMuhammed Saleh bin Taher Banten baryp aprel aýynda dünýäniň musulmanlaryna nobatdaky haja gitmekden saklanmagy maslahat beripdi. Pandemiýa sebäpli 20-nji martda soňky birnäçe asyryň dowamynda ilkinji gezek esasy yslam mukaddesligi – Käbehana takyk bolmadyk wagta çenli dolulygyna ýapyldy. Şeýle hem Medine şäherindäki Pygamberiň metjidi ýapyldy. Ondan öňinçä, ýagny 17-nji martda Saud patyşalygyň resmileri ähli metjitleri, şonuň bilen birlikde umra– kiçi haj zyýaratyny ýapypdy.

Şeýle ýagdaý hatda 1918-nji ýyldaky “ispan epidemiýasy” diýlen hassaçylyk wagtynda-da ýüze çykmandy, ýogsa şol epidemiýadan dünýäniň on millionlarça adamy öldi. Saud patyşalygy şu ýylyň ýazynda Mekge we Medine şäherlerine girmegi we ondan çykmagy gadagan edip, tutuş ýurt boýunça komendant sagadyny girizdi. Beýleki goňşy arap döwletlerinde bolşy ýaly, Er-Riýad hem patyşalygy daşarky dünýä bilen birleşdirýän halkara howa reýsleriniň ählisini ýatyrdy. Munuň netijesinde Mekge şäherinde 1200 çemesi musulman zyýaratçy gabawda galdy, olardan köprägi mukaddes şäheriň myhmanhanalarynda patyşalygyň hasabyna karantinde oturmaly boldular.

Hut şu Saud Arabystanynda ýerleşen Bütindünýä musulman ligasy häzirki zyýaratçylaryň howpsuzlygy hem saglygy nazarda tutulyp kabul edilen dini fetwany makullaýar. Kairde ýerleşen dünýä belli “Al-Azhar” yslam instituty bolsa kabul edilen dini fetwany gutlady: “Yslam ýurisprudensiýasyna laýyk kabul edilen çözgüt örän paýhasly bolup durýar” diýip, institutyň ýolbaşçysy aýtdy. Bu gelnen karara Yslam Hyzmatdaşlygy guramasynyň baş sekretary Ýusef al-Othaýmin “zyýaratçylaryň saglygy hem howpsuzlygy barada ýeterlik alada” diýip, ýokary baha berdi.

Soňky ençeme ýylyň dowamynda Er-Riýad tutuş Ýakyn Gündogarda esasy ýolbaşçylygy elde saklamak ugrunda köp jan edýär. Saud Arabystanynyň musulman dünýäsine täsiri, aýratyn-da araplaryň köplükdäki bolan ýerlerinde mydama-da ýokary bolupdy. Bu ýurduň çäginde ähli musulman üçin mukaddes bolan Mekge hem Medine şäherleri ýerleşýär, olaryň ilkinjisinde Käbe, ikinjisinde bolsaMasjid al-Nabawi – Pygamber metjidi bar. Hut şoňa görä, yslamyň sünni mezhebine uýýan arap dünýäsi dini, şol sanda syýasy meseleler boýunça mydama Er-Riýadyň maslahatyna eýerýärler.

Muňa garamazdan, 2020-nji ýylyň haj zyýaratynyň ýatyrylmagy birnäçe konserwatiw toparlaryň arasynda garşylykly garaýyşlary hem närazylygy oýardy, olar üçin iman bar zatdan, şol sanda islendik howp-hatardan hem saglykdan ileri. Şonuň üçinem Saud Arabystanyna bäsdeşlik edýän yslam dünýäsi hakykatdanam yslamyň iň mukaddes merkezine kontrollygy hut olar ýöretmelimi diýen garşylykly pikire başladylar. Olar bu patyşalykdaky syýasy toparyň legitimlik meselesini-de öňe sürýärler. Elbetde, beýle gürrüňler ilkinji gezek gidenok; haj zyýaratyndaky heläkçilikler bilen baglanyşykly gürrüňler öňden bäri bar, 2015-nji ýylyň haj zyýaratynda basgyda galyp, 2300 çemesi zyýaratçy ýogalypdy. Munda Er-Riýady haj işlerini howpsuz ýola goýup bilmeýänlikde tankytladylar.

Saud Arabystanynyň bomba hüjümlerinden Ýemeniň parahat ilatynyň ölýändigi, oppozisiýadaky žurnalist hem bloger Jamal Haşogginiň Stambuldaky saud konsulhanasynda wagşyýana öldürilmegi meselesinde hem Er-Riýada basyş edilýär. Eýran krizisi bilen baglanyşykly Saud Arabystany bilen birleşikde durýan sünni döwletleriň arasynda-da bu patyşalygy geljekde goldamalymy ýa-da däl diýen şübhe döreýär.

Ýatyrylan haj zyýaraty Saud patyşalygyna köp girdejiniň gelmegine gürrüňsiz päsgel döreder. Onsuzam ýurduň ykdysadyýeti täze dören koronawirus sebäpli häzir agyr zyýan çekmeli bolýar, dünýä ykdysadyýetiniň aşak düşmegi bilen bagly nebitiň bahasy arzanlady. Resmi maglumata görä, Saud Arabystanynyň ykdysadyýeti her ýylky haj zyýaratyndan hem-de zyýaratçylara edilýän hyzmatdan 12 milliard dollardan az bolmadyk girdeji alýan eken.

Iýun aýynda dünýäniň iň gür ilatly döwleti bolan Indoneziýa (olaryň adam sany 266 milliondan gowak) ilkinji döwletleriň hatarynda haj zyýaratyny geçirmekden saklanjakdygyaýdypdy. Şondan soň olar Er-Riýaddan takyk aýdyňlyk talap etdiler, ýöne ony alyp bilmediler. Indoneziýanyň prezidenti bu ýagdaýa: “örän ajy, kyn hem gutulgysyz ädim” diýip baha berdi. Indoneziýadan soň beýleki musulman döwletleri, meselem, Malaýziýa hem Senegal haj zyýaratynyň ýatyrylýandygyny aýtdylar.

Aleksndr GOSTEW, Azatlyk Radiosy.

 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин: На пересечении шоссе Филимонковского и Ракитки появится развязка


Спорт в России и мире
Москва

8 медалей открытого кубка по самбо завоевали королевские спортсмены


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
ATP

Медведев остался лучшим среди россиян в обновлённом рейтинге ATP, Рублёв — восьмой


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге об эффективности экологических проектов в России





Путин в России и мире
Москва

«Зависит очень многое»: Алиев об отношениях Азербайджана и России


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Лукашенко ограничил выплату дивидендов гражданам недружественных стран




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Ru24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Захарова: "формулой Зеленского" США отвлекали внимание от нового транша Киеву


Навальный в России и мире
Москва

Мосгорсуд оставил в СИЗО журналистку Фаворскую, обвиняемую в экстремизме за репортажи о Навальном



Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Александр Розенбаум

«Посмотрите на губастых»: Розенбаум жестко высмеял любительниц пластики



Москва

Для ИТ-компаний Москвы организуют встречи с цифровыми атташе за рубежом

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net