123ru.net
World News in Turkmen
Июль
2020

ABŞ Belarusy erkin saýlawlary geçirmäge çagyrýar, ÝHHG-niň synçylarynyň ýoklugyna gynanç bildirýär

0
ABŞ Belarusy erkin saýlawlary geçirmäge çagyrýar, ÝHHG-niň synçylarynyň ýoklugyna gynanç bildirýär

30-njy iýulda Birleşen Ştatlar Belarusyň nobatdaky prezident saýlawlarynda ses berişlige gözegçilik etmek üçin günbatarly synçylaryň ýoklugy barada lapykeçligini beýan edip, Minski saýlawlary erkin we adalatly geçirmäge çagyrdy.

Belarus şu ýylyň 9-njy awgustynda 1994-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda oturan awtoritar lider, häzirki prezident Alýaksandr Lukaşenka üçin oran çetin ýaryş boljak prezident saýlawlaryny geçirer.

1990-njy ýyllaryň ahyryndan bäri ýurtda geçirilýän saýlawlary günbatarly synçylar tarapyndan erkin ýa-da adalatly hasaplanmaýan Belarus, ses berişlige gözegçilik etmek üçin Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyny çagyrmady.

"Biz ÝHHG-niň bu saýlawy görmek üçin özüniň synçylaryny iberip bilmejekdigine çuňňur gynanýarys" diýip, Belarus bilen bagly syýasata gözegçilik edýän sekretaryň kömekçisiniň orunbasary Jorj Kent (George Kent) 30-njy iýulda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Döwlet departamentiniň ýokary derejeli resmisi Birleşen Ştatlaryň “synçylaryň bolmagy, şeýle hem saýlawlaryň erkin we adalatly geçirilmegini isleýändigi barada mesele gozgandygyny" hem belledi.

Lukaşenka aktiwistler we bloggerler, şeýle-de käbir kandidatlar ýaly ýüzlerçe adamyň tussag edilmegi bilen kampaniýa döwründe oppozisiýany basyp ýatyrdy.

Muňa garamazdan, oppozisiýa kandidaty Swýatlana Tsihanouskaýa 30-njy iýulda Minskde geçirilen kampaniýa ýygnanyşygynda on müňlerçe tarapdary özüne çekdi. Tsihanouskaýa onuň prezidentlige dalaşgär adamsy tussag edilenden soň ýaryşa goşuldy.

Kent Birleşen Ştatlaryň žurnalistleriň tussag edilmegi we ýanalmagy barada alada bildirip, bu temany Belarusyň resmileri bilen gozgandygyny hem aýtdy.

"Biz bu meseleleri gozgaýarys, sebäbi men bulary islendik üstünlikli jemgyýetiň özeni diýip hasaplaýaryn" diýip, ol belledi.

Metbugat azatlygy diýseň möhüm. Raýatlar öz jemgyýeti barada karar bermek üçin maglumatlara mätäçdir diýip, Kent sözüniň üstüne goşdy.

Saýlawlaryň geçirilişi we netijesi Minskiň daşary ýurtlar, şol sanda ABŞ bilen gatnaşyklaryna ýiti täsir edip biler.

2000-nji ýyllarda Waşington adam hukuklarynyň bozulmagy, şol sanda syýasy garşydaşlaryň basylyp ýatyrylmagy sebäpli Belarusa garşy sanksiýalary girizipdi.

Bu sanksiýalaryň käbiri Belarus syýasy tussaglary boşadandan soň ýeňilleşdirilen bolsa-de, olaryň doly aýrylmagy "belaruslylara öz pikirlerini aýtmak mümkinçiligini bermek üçin açmak we demokratiýalaşdyrmak babatda goşmaça ädimleri" talap edýär diýip, Kent aýtdy.

Esasan NATO ýurtlary bilen Russiýanyň arasynda galýan Belarus taryhyň dowamynda gündogardaky uly goňşusy bilen ýakyn gatnaşykda boldy. Russiýa arzan nebit we gaz eksportlary bilen Belarusyň ykdysadyýetini ösdürdi.

Şol bir wagtda, Russiýa Ukrainanyň Krym ýarymadasyny zor bilen anneksiýa edeninden bäri ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar dartgynlaşýar we Belarusda özüniň özygtyýarlygy baradaky aladalary döredýär.

Şondan soň Minsk Moskwanyň ilkinji gezek 20 ýyl gowrak mundan ozal meýilleşdiren kärdeşler arkalaşygy döwletini gurmak baradaky tagallalaryny ret etdi.

Kent Birleşen Ştatlaryň Belarusyň özygtyýarly döwlet bolmagyny isleýändigini we Minskiň öz geosyýasy ýoluny saýlamaga hukugynyň bolmalydygyny aýtdy.

"ABŞ we onuň ýaranlary bilen has ýakyn gatnaşyklar Russiýa bilen dostlukly gatnaşyklaryň öňüni petiklemeli däldir" diýip, ol belledi.

“ABŞ gatnaşyklary kadalaşdyrmak isleýän bolsa-da, biz Belarusyň Gündogar bilen Günbataryň arasynda saýlamagyna garaşmaýarys ýa-da basyş etmeýäris. Bu ýalňyş saýlaw bolar" diýip, Kent aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин: в Москве откроют центры ментального здоровья


Спорт в России и мире
Москва

МФК «Динамо Пушкино» вошел в топ-8 команд Всероссийского футбольного турнира «Кубок Казани»


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
WTA

Россиянка Хромачёва вышла в финал турнира WTA в Руане в парном разряде


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Группа «ЭкоЛайн» и Сбер заключили соглашение о сотрудничестве





Путин в России и мире
Москва

Шойгу рассказал о формировании Московского и Ленинградского округов


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

В Минске прошла рабочая встреча Александра Лукашенко и Александра Цыбульского




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Ru24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Зеленский взял Залужного в заложники? В Киеве начинается новый скандал


Навальный в России и мире
Москва

Мосгорсуд оставил в СИЗО журналистку Фаворскую, обвиняемую в экстремизме за репортажи о Навальном



Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Концерт

Концерт в честь Сергея Рахманинова прошел в Воскресенске



Москва

К 25 августа Москва будет полностью готова к осенне-зимнему периоду

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net