123ru.net
World News in Turkmen

Ömürlik tussagda oturan hukuk aktiwisti Askarow gyrgyz türmesinde aradan çykdy

00
Ömürlik tussagda oturan hukuk aktiwisti Askarow gyrgyz türmesinde aradan çykdy

Gyrgyzystanyň ombudsmeni Tokon Mamytowyň we “Bir Duino – Gygyzystan” adam hukuklary hereketiniň başlygy Tolekan Ysmaýylowanyň tassyklamagyna görä, türmä basylan adam hukuklary aktiwisti Azymjan Askarow gyrgyz tussaglygynda aradan çykdy.

Askarowyň aklawçysy Walerian Wahitow Azatlyk radiosyna beren interwýusynda Askarowyň 24-nji iýulda Gyrgyzystanyň 19-njy jeza öýündäki türme kamerasyndan 47-nji jeza öýündäki keselhana geçirilendigini aýtdy.

Wahitow Askarowyň hassahana geçirilmezden öň saglygynyň örän peselendigini we kömek almazdan ýöräp bilmez hala düşendigini gürrüň berdi.

Halkara adam hukuklary toparlary biraz öň onuň saglyk ýagdaýy sebäpli boşadylmagyna çagyrdy.

Mamytow Askarowyň ölümi barada 25-nji iýulda, jezalary ýerine ýetirmek boýunça döwlet gullugyndan maglumat alandygyny aýtdy.

Emma bu döwlet gullugy häzirlikçe Askarowyň ölümi barada köpçülige maglumat bermedi.

Etniki özbek hukuklaryny goraýjy aktiwist, 69 ýaşly Askarow, hukuk toparlarynyň aýtmaklaryna görä, galp we syýasy maksatly aýyplamalar esasynda ömürlik türme tussaglygyna höküm edildi.

Garaşsyz habar web sahypalary bilen hyzmatdaşlyk eden aktiwist, köpçülikleýin bidüzgünçilik döretmekde we 2010-njy ýylda ýerli etniki özbekler bilen gyrgyzlaryň arasynda bolup geçen ganly etniki çaknyşyklarda polisiýa işgäriniň öldürilmegine gatnaşmakda aýyplanyp, on ýyla golaý türmede oturdy.

2010-njy ýyldaky zorluk wagtynda 450-den gowrak adam, esasan etniki özbekler öldürildi we on müňlerçe adam başga ýerlere göçürildi.

BMG-niň Adam Hukuklary Geňeşi Askarowyň esassyz tussag edilendigini, adalatly sud edilmändigini we gynalandygyny ýüze çykardy.

Новости спорта

Комментарии для сайта Cackle

Слухи, сплетни...









Новости Москвы на Moscow.media



Все города России от А до Я

123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.