123ru.net
World News in Turkmen

Pompeo ABŞ-nyň Hytaýa garşy global koalisiýany gurmagy maksat edinýändigini aýdýar

00
Pompeo ABŞ-nyň Hytaýa garşy global koalisiýany gurmagy maksat edinýändigini aýdýar

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo), şu hepde Ýewropa ýurtlarynyň paýtagtlaryna edýän saparynyň çäklerinde, Waşingtonyň Hytaýyň täsirine garşy durjak halkara koalisiýany gurmagy maksat edinýändigini aýtdy. Şeýle-de Pompeo Pekini koronawirus pandemiýasyny özüniň bähbitlerini ilerletmek üçin ulanmakda aýyplady.

Pompeo bu barada 21-nji iýulda Londonda britan premýer-ministri Boris Jonson we daşary işler sekretary Dominik Raab bilen geçiren gepleşiklerinden soň çykyş etdi.

Bu Pekiniň pandemiýanyň ýaýrap başlamagy bilen baglylykda ýeterlik açyklyk görkezmändigi, adam hukuklaryny dowamly bozmagy we kiber garakçylygy aýyplamalary boýunça Günbatar bilen Hytaýyň arasyndaky dartgynlylyklaryň ýitileşen döwrüne gabat geldi.

Pompeo “azatlygyň we demokratiýanyň nämedigine düşünýän we olara hormat goýýan” her bir döwleti Hytaýyň abandyrýan howpuny ykrar etmäge çagyrdy.

ABŞ-nyň baş diplomaty Jonson bilen ‘konstruktiw’ gepleşikleri geçirendigini, şeýle-de beýleki meseleler bilen bir hatarda ozalky britan koloniýasy bolan Hong Kongdaky ýagdaýlary, Şinjiang sebitindäki adam hukuklarynyň bozulmagyny hem maslahat edendigini aýtdy.

Светские новости

Комментарии для сайта Cackle

Слухи, сплетни...









Новости Москвы на Moscow.media



Все города России от А до Я

123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.