123ru.net
World News in Turkmen

Ukrainada ýaragly adam awtobus ýolagçylaryny zamun aldy

045
Ukrainada ýaragly adam awtobus ýolagçylaryny zamun aldy

Ukrainanyň demirgazyk-günbataryndaky Lutsk şäherinde ot açýan ýaraglar we partlaýjy maddalar bilen ýaraglanan bir adam köp adamly ýolagçy awtobusynyň kontrollugyny ele salyp, ondaky ýolagçylary zamun aldy.

Penjireleri ok deşikleri bilen örtülen awtobus, içindäki adam we zamun alnanlar bilen bilelikde, 21-nji iýulda günortan henizem şäheriň merkezi meýdançasynda durdy.

Ýolagçylaryň arasynda ýitgi çekenleriň bardygy ýa-da ýokdugy entek belli däl.

Wolyn sebitindäki Milli polisiýanyň metbugat wekili Olha Buzuluk bu adamyň 20 töweregi adamy zamun alandygyny we hukuk goraýjy edaralaryň wakanyň bolýan ýerindedigini aýtdy.

Döwlet howpsuzlyk gullugy (SBU) zamun alnanlaryň sanynyň 10-a barabardygyny mälim etdi.

Regional polisiýanyň başlygy Ýuriý Kroşko bu operasiýa SBU-nyň terrorçylyga garşy merkeziniň gatnaşýandygyny aýtdy.

Kroşko bu adamyň awtobusa ok atyp başlandygyny we onda partlaýjy maddalaryň bardygyny hem belledi.

Ukrain polisiýasy bu adam bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirýär, ýöne onuň talaplarynyň nämedigi heniz belli däl.

Ru24.pro

Комментарии для сайта Cackle

Слухи, сплетни...









Новости Москвы на Moscow.media



Все города России от А до Я

123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.