Saud Arabystanynyň patyşasy Salman keselhana ýerleşdirildi
Saud Arabystanynyň patyşasy Salman öt haltasynyň çişmegi sebäpli paýtagt Riýaddaky keselhana ýerleşdirildi diýip, patyşalyk kazyýeti 20-nji iýulda yglan etdi.
84 ýaşly hökümdar şu gün Riýaddaky "King Faýsal" ýörite keselhanasyna käbir saglyk synaglary sebäpli kabul edildi diýlip, Saud Arabystanyň resmi metbugat gullugy tarapyndan ýaýradylan beýanatda aýtdy.
Saud Arabystanynda 2015-nji ýyldan bäri höküm sürýän monarhyň saglygy barada seýrek habar berilýär. Gysga beýanatda mundan başga maglumat berilmedi.
Patyşalygyň Daşary işler ministrliginiň habaryna görä, Yragyň premýer-ministri Mustafa al-Kadhiminiň 20-nji iýulda Saud Arabystanyna planlaşdyrylan sapary yza tesdirilipdir.
Saud Arabystanynyň monarhy dünýäniň iň köp nebit öndüriji ýurtlaryň birine we Arap dünýäsiniň iň uly ykdysadyýetine ýolbaşçylyk edýär.
2017-nji ýylda Saud Arabystany monarhyň ýurdy de-fakto dolandyrýandygy hasaplanýan ogly 34 ýaşly şazada Muhammet bin Salmanyň peýdasyna işinden aýrylmagy planlaşdyrýandygy baradaky habarlary ret edipdi. Şazada Muhammetiň häkimiýet başyna gelmegi tankytçylara we başgaça pikirlilere basyş görkezilmegine gabat gelipdi.