123ru.net
World News in Turkmen

Habarowskde ýene müňlerçe adam sebit gubernatorynyň tussag edilmegine nägilelik bildirdi

027
Habarowskde ýene müňlerçe adam sebit gubernatorynyň tussag edilmegine nägilelik bildirdi

Orsýetiň Uzak Gündogaryndaky Habarowsk şäherinde on müňlerçe adam ýerli häkimiň tussag edilmegine nägilelik bildirmek üçin 18-nji iýulda rugsat berilmedik ýörişe çykdy.

Wakanyň bolýan ýerinde düşürilen wideolar, sebitiň paýtagtynda Kremle garşy durmagyň nobatdaky ýörişine gatnaşýan mähelläniň köçelere ýaýrap, şäheriň esasy ýoluny dolduryp barşyny, esasy meýdançada toplanyp, Habarowsk ülkesiniň gubernatory Sergeý Furgalyň boşadylmagyny talap edişişini görkezýär.

Habarlara görä, takmynan 15 müňden 50 müňe çenli demonstrant bäş sagat töweregi ýörişe gatnaşdy, ýöne polisiýa hiç hili resmi maglumat bermedi.

Şäher häkimligi tussag edileniň bolmandygyny we zorluk ýagdaýyny görmändigini habar berdi.

9-njy iýulda Habarowskde tussag edilip, Moskwa iberilen 50 ýaşly Furgal 2004-2005-nji ýyllarda adam öldürmek synanyşygynda we iki adamy öldürmäge buýruk bermekde aýyplanýar.

16-njy iýulda Moskwa şäher sudunyň ýapyk karary Furgalyň deslapky tussag edilmegini goldady. Furgal özüni günäkär hasaplamaýandygyny aýtdy we ol tussag edileli bäri toplanan köp sanly tarapdar bu aýyplamalaryň näme üçin 15 ýyl soň ýüze çykandygyny sorag astyna aldy.

Furgalyň partiýadaşlary, Liberal Demokratik partiýanyň agzalary bu aýyplamalary ret edýär we olaryň syýasy maksatlydygyny aýdýar.

Новости экологии

Комментарии для сайта Cackle

Слухи, сплетни...









Новости Москвы на Moscow.media



Все города России от А до Я

123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.