Hakerler Geýtsiň, Maskyň we Obamanyň twitter hasaplaryny döwdüler
Şeýle-de, “Apple” we “Uber” kompaniýalarynyň, kriptowalýuta biržalarynyň we neşirleriniň resmi hasaplaryna hüjüm edildi.
Hasaplarda şol bir ýazgylar, belli bir gapjyklara bitkoinleri ibermek çagyryşy peýda boldy we olara derek kriptografik walýutada iki esse köp serişde ibermek wada berildi.
Tiz wagtdan bu ýazgylar öçürildi, ýöne soňra gaýtadan peýda boldy diýip, “The Verge” neşiri ýazýar. Neşiriň redaktory Tom Warreniň ýazmagyna görä, kezzaplar 104 müň dollardan gowrak pul gazandylar.
Hakerleriň bu hasaplara nädip girip bilendigi entek belli däl.
Twitter kompaniýasynda bu meseläni bilýändiklerini we ony düzetmek üçin işleýändiklerini aýtdylar.
