123ru.net
World News in Turkmen

Belarusda Lukaşenkanyň esasy bäsdeşi hasaba alynmady, protestler döredi

08
Belarusda Lukaşenkanyň esasy bäsdeşi hasaba alynmady, protestler döredi

Belarusda öňümizdäki aýda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynda häkimiýet başyndaky prezident Aleksandr Lukaşenkanyň esasy garşydaşlarynyň biriniň dalaş etmekden çetleşdirilmeginden soňra, ýurduň dürli künjeklerinde onlarça müň adam muňa protest bildirip köçä çykdy we polisiýa bilen çaknyşdy.

14-nji iýulda Belarusyň Merkezi Saýlaw Komissiýasy 9-njy awgustda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna bäş dalaşgäriň hasaba alnandygyny aýtdy. Kandidatlaryň arasynda ýurdy 1994-nji ýyldan bäri dolandyryp gelýän 65 ýaşly Lukaşenka hem bar.

Merkezi Saýlaw Komissiýasy ozalky bank dolandyryjysy Wiktar Babarykany dalaşgär hökmünde hasaba almady. Babaryka özüniň we goldawçylarynyň syýasy matlap bilen ýöňkelendigi aýdylýan aýyplamalar esasynda häzir türmede saklanýar.

Merkezi Saýlaw Komissiýasy Babarykanyň girdejileri we emläk deklarasiýalarynyň arasynda, hamala, gapma-garşylyklaryň tapylandygy we onuň saýlaw kampaniýasyna daşary ýurt guramasynyň gatnaşandygy üçin kandidat hökmünde hasaba alynmandygyny aýtdy. Başga goşmaça aýdyňlaşdyryjy maglumat berilmedi.

Mundan başga-da, belli telekeçi we Belarusyň ABŞ-daky ozalky ilçisi Waler Tsapkala hem dalaşgär hökmünde hasaba alynmady. Merkezi Saýlaw Komissiýasy onuň toplan gollarynyň aglabasynyň ret edilendigini aýtdy.

Paýtagt Minskiň dürli künjeklerinde müňlerçe demonstrant protest geçirdi. Olar parahat ýagdaýda ýöriş geçirip, çapak çaldylar. Şuňa meňzeş protestler beýleki regional şäherlerde, şol sanda Brestde we Gomelde hem geçirildi.

Adam hukuklaryny goraýjy ‘Wýasna’ toparynyň maglumatyna görä, ýurt boýunça 140 töweregi adam tussag edilipdir.

Новости там, где Вы

Комментарии для сайта Cackle

Слухи, сплетни...









Новости Москвы на Moscow.media



Все города России от А до Я

123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.