123ru.net
World News in Turkmen

Azerbaýjan-Ermenistan çaknyşyklarynyň üçünji gününde ýedi esger öldi

09
Azerbaýjan-Ermenistan çaknyşyklarynyň üçünji gününde ýedi esger öldi

Azerbaýjan bilen Ermenistanyň serhet çäginde ýüze çykan çaknyşyklaryň üçünji gününde, ýagny 14-nji iýulda ýedi azeri harby gullukçysy, şol sanda bir general we dört ermeni esgeri öldi. Çaknyşyklarda agyr artilleriýa toplary hem atyldy. Halkara jemgyýetçiligi taraplara ýowuzlygy dessine azaltmak barada çagyryş etdiler.

Günorta Kawkaz sebitindäki iki goňşy ýurt özleriniň durnuksyz serhet ýakasynda nobatdaky uçguny başlatmakda biri-birini aýyplaýar. Iki ýurduň arasynda Azerbaýjandan bölünip aýrylan Daglyk-Garabag regionynyň üstünde ençeme ýyl bäri gapma-garşylyklar saklanýar.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginiň 14-nji iýulda beren maglumatyna görä, soňky çaknyşyklaryň netijesinde general-maýor Polad Hasimow we polkownik Ilkar Mirzaýew heläk bolupdyr.

Ermenistanyň Goranmak ministrligi 14-nji iýulda dört, şol sanda maýor we kapitan çinindäki harby gullukçysynyň hem heläk bolandygyny aýtdy.

Ermeni Daşary işler ministrliginiň aýtmagyna görä, serhediň golaýyndaky Berd şäheri oka tutulypdyr, emma ermeni tarapy ot açan “azeri bazalaryny ýok edipdir”.

12-nji iýulda ermeni we azeri esgerleriniň birek-biregine ot açyp başlamagyndan bäri 16 adam öldi.

Новости экологии

Комментарии для сайта Cackle

Слухи, сплетни...









Новости Москвы на Moscow.media



Все города России от А до Я

123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.