123ru.net
World News in Turkmen
Июль
2020

«Unudylan uruş». Ýetmiş ýyl öň Koreý ýarymadasynda bolan heläkçilik

0
«Unudylan uruş». Ýetmiş ýyl öň Koreý ýarymadasynda bolan heläkçilik

Arhiw fotosuratlary«unudylan urşuň»taryhyndan gürrüň berýär. Uruş 70 ýyl mundan öň başlanypdy, resmi taýdan ol entegem tamam edilenok.

Ikinji Jahan urşy gutarandan soň, Koreý ýarymadasynyň demirgazyk bölegini sowet goşunlary öz kontrollygyna aldy, günorta bölegini – amerikanlylar eýelediler. Sowet Soýuzy 1945-nji ýylyň awgustynda, 2-nji jahan urşunyň soňky günlerinde Ýaponiýa garşy uruş yglan edipdi.

1950-nji ýylyň 25-nji iýunynda öňki iki soýuzdaşlar bolan SSSR hem ABŞ bu ýarymadadan çykandan soň, Demirgazyk Koreýanyň kommunistik diktatory Kim Ir Sen ýarymadanyň günorta bölegine hüjüm edip başlady. Ol Günorta Koreýany eýelemek üçin, 38-nji parallelden geçdi we tutuş ýarymadany kommunistik döwlete öwürmek isledi. Garaşylmadyk hüjüme girişmek üçin Kim hut Iosif Staliniň özünden makullaýjy goldawyny alypdyr diýen habar bar.

Günorta Koreýanyň goşuny başda köp ýitgi çekdi. Sowet ýaraglary, artilleriýasy hem T-34 tanklary bilen ýaraglanan kommunistik soldatlar bu ýeri stalinleşdirmek üçin, günorta tarap süýşýärdiler.

 

Dünýä 30-njy ýyllardaky milletçi agressiýanyň «ýaraşyk syýasaty» ugrunda alyp baran gyrgynçylygynyň netijelerini entek unutmansoň, Koreýadaky harby interwensiýa bolaýmaly ýagdaý hökmünde garaýardy.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi sekiz sesiň goldawy hem bir sesiň garşy çykmagy (oňa kommunistik Ýugoslawiýa garşy ses beripdi) bilen «[Günorta Koreýa] ýaragly hüjümiň öňüni almak hem sebitde halkara parahatçylygy we howpsuzlygy diklemek»üçin, goşun ýerleşdirmek rezolýusiýasyny kabul etdi.

 

BMG-niň goldamagyndaky «Polisiýa operasiýasy»ABŞ-yň goşunlary tarapyndan kommunistleriň günorta hüjümini haýallatmaga çalyşdy.

 

Ilkinji baran amerikan goşunlary aýratyn ýeterlik derejede ýaragly däldiler. Harbylar tanka garşy ulanylýan ýaragyň okunyň hüjüm edýän T-34 tankyndan çawup geçýändigini gördüler. Sebite ilkinji baran 400 amerikan soldatyndan, 60 sanysy öldi we 82 soldat ýesir düşdi.

 

Komunistleriň rehimsiz hüjümini BMG-niň güýçleri basym Koreý ýarymadasynyň günorta-gündogaryna tarap gysyp başlady hem Pusan perimetrinde (Pusan söweş bazasy) pozisiýa tutdular.

 

Pusan perimetriniň töweregindäki gorag liniýasy demirgazyk koreýlileriň hüjümini serpikdirip bildi. Soňra bu ýere BMG köp güýç hem ýarag getirdi.

 

Güýzüň öň ýanynda ABŞ-yň generaly Duglas Makartur port şäheri Inçony basyp almaga buýruk berdi. Bu şäher kommunistleriň tylyndan ýüzlerçe kilometr uzaklykdady.

 

Inçonda goşunlaryň üstünlikli ýerleşdirilmegi urşuň barşynda öwrülişik pursady boldy. Kommunist goşunlary söweş liniýasyny ýüzlerçe kilometr günortada kesmekçi bolanlarynda, BMG-niň goşunlary bu ýerden Seula hüjüm etdiler.

 

 

Günorta Koreýanyň lideri, ABŞ-da bilim alan Li Syn Man halk arasynda ýaramaz abraýdan peýdalanýardy. Ol korrupsiýada aýyplanýardyhem syýasy tussaglary jezalandyrypdy, bu BMG-niň güýçleriniň peýdasyna däldi.

 

 

 

BMG-niň güýçleriniň ot açyş zarbasy netijesinde Inçona garaşylmadyk ýagdaýda goşun düşürildi. Bu kommunistik güýçleri dargatdy. Olar demirgazyga gaçdylar.

 

BMG-niň güýçleri tiz aralykda kommunistleri 38-nji parallele çenli gysyp bardylar. Olar birnäçe aý mundan öň hut şu ýerden hüjüme başlapdylar.

BMG-niň güýçleri Demirgazyk Koreýa bilen Günorta Koreýanyň arasyndaky resmi serhede ýetenden soň, halkara güýçleri saklamalymy diýip, ýapyk kabinetlerde baran barlyşyksyz debatlarda, Waşington Koreýadaky öz harby ýolbaşçylaryna: «siziň harby maksadyňyz Demirgazyk Koreýanyň harby güýçlerini demirgazykda 38-nji parallele çenli ýok etmekdi»diýdi.

 

Konflikt soňra Hytaý bilen başlandy. Olar müňlerçe meýletin-söweşijileri ýeňil ýaraglar bilen üpjün edip, gizlin ýagdaýda Demirgazyk Koreýa iberipdirler.

 

1950-nji ýylyň aýagynda Demirgazyk Koreýanyň asmanynda örän haýbatly MiG-15 kysymly sowet istrebitelleri (hüjüm ediji uçarlary) peýda bolup başlady (suratda şol uçaryň 1963-nji ýylda döredilen arhiw şekli). Uçuşlaryň köpüsini maglumatda aýdylyşyna görä, hytaý uniformasyny geýen sowet lýotçikleri amala aşyrýardylar. Kreml sowet pilotlarynyň Koreýa urşuna gatnaşandygyny yzygiderli ret edip geldi. Howa hüjümi wagtynda howa aragatnaşygynda olaryň rus dilinde sögýändiklerini amerikan pilotlary eşidendigini aýtsalar-da, olar muny boýun almadylar.

 

Soňra Hytaýyň güýçli harby söweşijileri bilen BMG-niň güýçleri çaknyşmaly boldy. Olar ýene yza çekilmäge mejbur boldular. Goşunlar günorta çekilende, olara hytaý harbylary hüjüm etdiler.

 

 

BMG güýçleriniň Demirgazyk Koreýadan çykmagy bilen Guramanyň täze bölümleri günorta giňişlikde ýerleşip, göreşiň aýgytlaýjy bölegine başlady.

 

1951-nji ýylyň tomsunda söweşýän ýurtlaryň liderleri ýaraşyk baradaky gepleşiklere girişmäge ylalaşdylar.

 

Parahatçylyk baradaky gepleşikler örän agyr boldy hem uzaga çekdi. Haýsydyr bir wagt aralygynda stol başyndaky iki tarapyň delegasiýasy iki sagat 11 minutlap, diňe biri-biriniň ýüzüne seredipdymşypoturdylar. Şol wagtda söweş hereketleri hem koreý halkynyň heläkçiligi dowam edýärdi, sebäbi iki tarap hem stol başyndaky gepleşiklerde artykmaçlyk gazanmak üçin, bar harby güýjüni gaýgyrman ulanýardy.

 

1953-nji ýylyň 27-nji iýulynda BMG-niň harby komandowaniýesi 38-nji parallel boýunça Koreýa ýarymadany iki bölýän ýaraşyk ylalaşygyna gol çekdiler, ýöne Parahatçylyk ylalaşygyna gol çekilmedi, munuň özi Koreýanyň formal tarapdan uruş ýagdaýynda galýandygyny görkezýär.

 

Bu uruş üç million çemesi adamyň başyna ýetdi. Olaryň köprägi parahat ilatdan bolanlardy. Koreýa ýarymadasynyň uly şäherler weýran edildi.

 

ABŞ-yň Goranmak ministrliginiň maglumatyna görä, ol uruşda 33 686 amerikan soldaty öldi. Bu BMG-niň harby güýçlerinden bolan ýitginiň 90% çemesini düzýär.

 

Koreýada uruş başlanandan 70 ýyl geçenden soň, Demirgazyk garyplaşan totalitar diktatorçylyk düzgünde galdy, Günorta bolsa dünýäniň iň bir demokratik hem gülläp ösýän ýurduna öwrüldi.

AÝ/AR-nyň taýý​arlan materialy.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин: новые стандарты медпомощи постепенно внедряют в стационарах Москвы


Спорт в России и мире
Москва

Фитнес-эксперт Каневский назвал далеко не новым трендом копирование детьми поведения животных


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Мария Шарапова

Первая ракетка России рассказала об общении с Шараповой


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Регоператор провел экологический телемост между школьниками Подольска и Москвы





Путин в России и мире
Москва

Путин утвердил закон о справедливой оплате сверхурочной работы


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Сегодня президент Беларуси Александр Лукашенко встретился в Минске с губернатором Поморья Александром Цыбульским




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Ru24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Байден заверил Зеленского в скорых поставках новых пакетов помощи


Навальный в России и мире
Москва

Мосгорсуд оставил в СИЗО журналистку Фаворскую, обвиняемую в экстремизме за репортажи о Навальном



Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Оззи Осборн

Своим трудом: Келли Осборн отрицает, что похудела с помощью препаратов



Москва

В Лобне заасфальтируют «народные тропы»

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net