Gazagystan koronawirus pandemiýasynyň pidalarynyň hatyrasyna matam tutýar
Ýurduň hemme ýerinde, şeýle hem daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalaryň jaýlarynda döwlet baýdaklary düşürildi.
13-nji iýulda paýtagt Nur-Sultanda öýlän sagat 12-de bir minutlyk dymyşlyk yglan edildi, ýurduň esasy metjitlerinde jynaza okalar we kiliselerde dini ybadatlar we hatyra çäreleri geçirilýär.
Resmi maglumatlara görä, ýurtda COVID-19 bilen kesellänleriň hasaba alnan sany 59 899 adam.
Soňky bir günüň dowamynda ýurtda 1664 adamda wirus tassyklandy.
Saglygy saklaýyş ministrligi 7-nji we 12-nji iýul aralygynda koronawirusdan 111 adamyň ölendigini duşenbe güi habar berdi. Resmi hasaba görä, şu wagta çenli ýurtda jemi 375 adam ýogalypdyr.
Ölüm statistikasynda COVID-19 näsaglarynyň ählisini öz içine almaýar, ýörite komissiýalar birnäçe adamyň ölümine başga keseliň sebäp bolandygyny görkezip, koronawirusy "goşmaça diagnoz" diýip kesgitläpdi.
Şeýle-de, Gazagystan pnewmoniýa keseliniň möwç almagy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Hassalaryň köpüsinde COVID-19 alamatlary ýüze çykýar, ýöne koronawirusy anyklamak boýunça testler negatiw netijäni görkezýär.
