Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Июль
2020

"Oxfam" pandemiýanyň millionlarça adamy açlyga iterýändigini aýdyp, herekete geçmäge çagyrýar

0
Garyplyga garşy “Oxfam” atly global gurama halkara jemgyýetçiligini koronawirus pandemiýasynyň täsiri bilen baglanyşykly açlyk krizisini ýok etmek üçin gyssagly çäre görmäge çagyryp, munuň her gün 12000 adamyň ölmegine sebäp bolup biljekdigini duýdurdy.


9-njy iýulda çap edilen hasabatda "Oxfam" pandemiýa köpçülikleýin işsizlige, azyk önümçiliginiň we üpjünçiliginiň bozulmagyna hem-de kömegiň azalmagyna sebäp bolýan mahaly, şu ýyl goşmaça 121 million adamyň nädip açlyk howpy bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdigine ünsi çekdi. Bu san geçen ýyl bilen deňeşdirilende 82% ýokarydyr.


 




"COVID-19 pandemiýasy öňden hem barha artýan açlyk krizisiniň oduna ýangyç guýdy" diýlip, hasabatda aýdylýar.


"COVID-19 konfliktiň, howanyň üýtgemeginiň, deňsizligiň we millionlarça azyk öndürijisini hem-de işçisini garyplaşdyran bozulan azyk ulgamynyň täsirinden ejir çekýän millionlarça adam üçin iň soňky damja boldy" diýip, "Oksfamyň" wagtlaýyn ýerine ýetiriji direktory Çema Wera (Chema Vera) belledi.


Pandemiýa bütin dünýä ýaýraýan mahaly, “ýokardakylar girdeji gazanmagyny dowam etdirýärler” diýip, Wera “iň uly azyk we içgi kompaniýalarynyň sekizisiniň ýanwar aýyndan bäri paýdarlara 18 milliard dollar töländigini..." aýtdy we "bu BMG-niň adamlaryň aç bolmagyny bes etmek üçin zerur diýýäninden on esse köpdür" diýdi.


Hasabatda azyk krizisiniň iň agyr we wirusyň netijesinde has erbetleşýän 10 "açlyk nokady" kesgitlenýär: Ýemen, Kongo Demokratik Respublikasy, Owganystan, Wenezuela, Günbatar Afrika Sahel, Efiopiýa, Günorta Sudan, Siriýa, Sudan we Gaiti.


 




Bu ýurtlaryň ählisi bütin dünýäde krizis derejesindäki açlyga duçar bolan adamlaryň 65%-ni emele getirýär.


Hasabatda "pandemiýa ýüze çykmazdan ozal hem açlyk artýardy" diýilýär.


"Indi koronawirus konfliktiň, deňsizligiň we güýçlenýän klimat krizisiniň täsirleri bilen birleşip, eýýäm bozulan global azyk ulgamynyň esaslaryny sarsyp, millionlarça adamyň açlyk bilen ýüzbe-ýüz bolmagyna getirdi" diýlip, hasabatda bellenilýär.


Hökümetler koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin hereket etmeli bolsa-da, olar açlyk krizisini ýok etmek we “häzir hem-de geljekde adamlary halas etmek” üçin hem çäreleri görmelidir.


Şeýle çäreler BMG-niň ynsanperwer ýüzlenmesini doly maliýeleşdirmegi we “has adalatly, has çydamly we has durnukly azyk ulgamlaryny” dikeltmegi öz içine alýar diýlip, hasabatda aýdylýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net