123ru.net
World News in Turkmen

ABŞ-Hytaý gatnaşyklarynyň pes derejesini ykrar eden Hytaý DIM-i ‘ABŞ has rasional bolmaly’ diýýär

09
ABŞ-Hytaý gatnaşyklarynyň pes derejesini ykrar eden Hytaý DIM-i ‘ABŞ has rasional bolmaly’ diýýär

9-njy iýulda Hytaýyň daşary işler ministri Wang Ýi ABŞ-Hytaý gatnaşyklarynyň 40 ýyl mundan ozal ýola goýulmagyndan bäri iň çynlakaý kynçylyklara duçar bolýandygyny aýtdy we Waşingtonyň Hytaýa garşy alyp barýan syýasatyny kommunizm baradaky köne gorkulara esaslanýar diýip, häsiýetlendirdi.

ABŞ-nyň Hytaýa garşy alyp barýan syýasaty “faktlar bilen delillendirilmedik startegiki ýalňyş pikirlere” esaslanýar we “emosional gahar-gazapdan hem-de MakKartiçi ters pikirden doly” diýip, Wang 50-nji ýyllarda ABŞ senatory Josef MakKartiniň alyp baran hem-de adamlary subutnamasyz ýa-da az subutnama bilen kommunistik hereketde aýyplan anti-kommunist ýörişine salgylandy.

Wangyň bu kommentariýalary onuň daşary işler ministrliginiň websaýtynda goýlan hem-de ABŞ bilen Hytaýyň parahatçylykly ýaşamagyň ýollaryny öwrenmelidigini we ABŞ-nyň Hytaýa garşy has rasional we pragmatiki syýasaty ösdürjekdigine umyt bildirýändigini aýdan çykyşynyň yz ýanyna gabat geldi.

Bu çykyş 7-nji iýulda FBI-yň direktory Kristofer Wraýyň Hytaýyň içalyçylyk we ogurlyk hereketleri bilen Birleşen Ştatlara ‘uzak möhlet aralygynda uly howp’ abandyrýandygyny aýtmagyna jogap boldy.

Wang Hytaýyň Birleşen Ştatlaryň ornuna geçmek ýa-da oňa päsgelçilik döretmek ýaly niýetiniň asla ýokdugyny aýtdy.

Светские новости

Комментарии для сайта Cackle

Слухи, сплетни...









Новости Москвы на Moscow.media



Все города России от А до Я

123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.