123ru.net
World News in Turkmen

Türkmenistanyň prezidenti zähmet rugsadyna çykdy

027
Türkmenistanyň prezidenti zähmet rugsadyna çykdy

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji iýuldan başlap zähmet rugsadyna çykdy. Bu barada 6-njy iýulda Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berdi.

Resmi habarda döwlet baştutanynyň anyk nirede dynç alýandygy aýdyňlaşdyrylmady, ýöne onuň zähmet rugsadyny ýurduň şypahana merkezleriniň birinde geçirýändigi aýdyldy.

“Ajaýyp ahalteke atlary bilen didarlaşmak we bedewde gezelenç etmek, welosipedli gezelençler, sport awtoulaglaryny we beýleki ulag serişdelerini dolandyrmak döwlet Baştutanymyzyň zähmet rugsady döwründe we dynç alyş günleri wagtyny peýdaly hem-de baý many-mazmunly geçirmek üçin meşgullanýan ugurlarydyr” diýip, TDH-nyň habarynda bellenilýär.

3-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurduň ýolbaşçylar düzümine, şol sanda welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara 7-nji iýuldan 6-njy awgust aralygynda nobatdaky zähmet rugsadynyň berilýändigini yglan etdi.

Комментарии для сайта Cackle
123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.