Gazagystanda ýene-de 1501 adama COVID-19-yň ýokuşandygy hasaba alyndy
Saglyk ministligi iýun aýynyň başyndan bäri simptomly näsaglary we wirusyň asimptomatik göterijileri diýlip atlandyrylýan hassalary aýratyn sanap başlady, emma 1-nji iýuldan başlap, simptomsyz näsaglar hem umumy statistikalarda hasaba alynýar. Saglyk ministrliginiň habaryna görä, ýurtda jemi 44,075 wirus ýokuşan hasaba alyndy.
Resmi habarlara görä, ölenleriň sany 29-njy iýundan bäri 188 bolmagynda galyp, üýtgemän gelýär. Häkimiýetler koronawirusdan ölenler barada hepdelik formatda maglumat bermekçi bolaýndyklaryny aýdýarlar.
2-nji iýulda, ikinji gün geçirilen onlaýn brifingde Gazagystanyň saglyk ministri Alekseý Tsoi koronawirusdan her gije-gündizde 10 adamyň ölendigini aýtdy.
Onuň sözlerine görä, 30-njy iýuna çenli ýurtda COVID-19 hassalarynyň arasynda 101 näsagyň ölümi hasaba alyndy, ýörite komissiýalar olaryň ölüm sebäbini "beýleki keseller" diýip görkezdi.
Aprel aýynda sebitlerde ýörite komissiýa döredilmezden ozal Gazagystanyň statistikasy, beýleki keselleri bar bolsa-da, koronawirus bilen ölenleriň hemmesiniň hasabyny öz içine alýardy.
