123ru.net
World News in Turkmen
Июль
2020

SSSR-iň durmuşy ukrain inženeriniň fotosuratlarynda

0
SSSR-iň durmuşy ukrain inženeriniň fotosuratlarynda

Waleriý Reşetnýak Sowet Soýuzy döwründe resmi ýagdaýda Kiýewde inžener bolup işleýän eken, boş wagtlarynda bolsa sada hem ýönekeý adamlary surata düşüripdir.

«Meniň bile işleşýän ýoldaşlarymdan hiç biri işden soň näme bilen meşgullanýanymy bilmeýärdi. Bu bir özboluşly dissidentlikdi» diýip,Reşetnýak gürrüň berýär.

Ol sowet düzgüni öz güýjünde wagtynda, alýan suratlarynyň metbugatda çykmajakdygyny ýa sergide goýulmajagyny bilýärdi.

«Haçandyr bir wagt adamlar meniň suratlarym arkaly öz geçen durmuşy barada oýlanyp, maňa alkyş aýdarlar diýip, örän sada pikir edýän ekenim. Ýalňyşypdyryn»diýip,Reşetnýak indi aýdýar.

Onuň ilkinji suratlary diňe perestroýkanyň ahyrky ýyllary 1980-nji ýyllaryň aýagynda, ýagny berk sowet senzurasy gowşan döwürlerinde çap bolupdyr.

Şondan soňky döwürde onuň fotosuratlary Kiýewde, Moskwada, Daniýada hem ABŞ-da görkezildi. Sowet Soýuzy dargandan soň Waleriý Reşetnýak professional suratçy boldy. Ol reklama üçin surat alýar hem studentlere sapak öwredýär.

Golaýda Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugyna beren interwýusynda ol 1977-1990-njy ýyllar aralygynda düşüren suratlary barada gürrüň berdi.

«Sumi oblastyndaky oba mekdebiniň mugallymy sapak gutarandan soň öýüne gaýdyp barýar. Bu ýoldan men hem mekdebe gatnapdym. Gijelerine ýoluň ugrunda ýagtylyk ýokdy. Kirza ädigimizi şol batgada galdyrmajak bolup, ýolumyzy el çyrasy bilen ýagtyldýardyk. Ýöne oňa hemişe batareý tapdyryp duranokdy, şonda otluçöp ýakyp, ony-da ýel öçürmez ýaly, aýamyzda tutardyk. Ol ýol häzire çenli-de üýtgemedi. Ony edere adam ýok, obada örän az adam galdy».

 

«Çepde ýokary derejeliler üçin ulag. Beýle gar arabasynda diňe kolhozyň başlygy ýa-da SSKP-den bolan ýerli “hojaýyn” gidip bilýärdi. Oba daýhanlaryna gar arabasyny örän seýrek ýagdaýda, meselem, ýarawsyz birini keselhana äkitmeli bolsa berýärdiler. Gyşda şol arabadan başga ulag ýokdy. Ýollaryň köprägi arassalanmaýardy. Suratdaky sagda duran aýallar köne sanide kandistr goýupdyrlar. Olar ýag çyrasy üçin, magazine kerosin almaga gelenler».

 

«Donbass. Ol ägirt uly zawoda girenimizde, men ilki diňe çal töweregi, köp-köp armaturlary hem turbalary gördüm. Birdenkä çal güpbüli, kirza ädikli bir göwre gymyldady.Men ýüzugra ol ýerde gul işleýändir diýip pikir etdim».

 

«Çagalary mydama urşa taýýarlaýardylar. Bu sowet ideologiki terbiýesiniň esasy özenidi. Adaty oýunjaklar örän az bolardy, ýöne harby tehnika degişli oýunjak näçe diýseň bardy. Ünsli seretseňiz, awtomatdan başga-da, oglanyň çep tarapynda oýunjak BTR görersiňiz».

 

«Sowet Soýuzynda ”Çörek jan başyna ýetmeli” diýilýärdi. Şu suratdaky adamlar, megerem, 1932-1933-nji ýylyň Golodomoryny başdan geçirendirler. Şol döwürde ol açlyk barada diňe jan ynanyşýanyň ýanynda gürrüň edip bolardy. Meniň kakam hem onuň ýoldaşlary ýerli adamiýijileriň olary tasdan iýjek bolandygyny gürrüň bererdiler».

 

«Bu adaty araba, onda nämeler çekilendigini hudaý bilsin. Onuň içine brezen atyp, üstüne çörek guýupdyrlar. Dogry, ol wagtlar muny hiç kim ýaramazlyk saýmazdy».

 

«60-njy ýyllaryň ortasynda daýhanlar çörek bişirmegi bes etdiler. Ol obada bolsa ýerli çörek bişiriji kärhanany hem aýyrdylar. Şonuň üçinem çöregi raýon merkezinden getirmeli bolýardy. Ýük maşyny daş düşelen ýoluň ugrunda bolan dükanlara çörek getirýärdi. Soňra ol ýerden at goşulan arabalar bilen çöregi beýleki dükanlara aşyrýardylar. Ol ýollardan awtoulag geçip bilmeýärdi».

 

«Suratda ata – iki ogly hem aýaly bilen. Aýallara oba durmuşy erkeklere garanda has agyrdy. Tutuş hojalyk hem eklenç-güzeran aladasy aýallaryň egnindedi».

 

«Belarusyň ýok edilýän obasynyň ýaşaýjylary. Kiçi obalaryň infrastrukturasyny amala aşyryp bilmeýän sowet hökümeti ýerli ýaşaýjylary göçürýärdiler. Bu ýaşaýjylar bolsa “geljegi bolmadyk” obany taşlamak islemediler. Surata düşen adamlar öz doglan ýerinde ömrüni tamamlamak isleýänler».

 

«Obadakylaryň ýanyna käte bir myhman gelerdi, meselem, haçandyr bir wagt şol obada ýaşan çagalyk dosty. Gelen myhman “Portweýn” çakyryny getirerdi, ol iň arzan sowet içgisidi, ýöne kellä gowy humar berýärdi».

 

«Oba çagalary mümkin boldugyça çaltrak şähere gaçmaga mejburdylar. Olar ejeleriniň hem kakalarynyň gabarçak ellerini görýärdiler hem gara zähmetiň nämedigine düşünýärdiler. Ýöne 1974-nji ýyla çenli obany taşlamak asla mümkin bolmady. Daýhanlara pasport berilmeýärdi, bu – resmi gulçulykdy. Şähere gitmek üçinem sprawka – rugsat haty almalydy. Şoňa görä, çagalaryň pasport edinmegi üçin “ýokardan” tanyş gerekdi. Obadan çykyp bilmäge mümkinçiligi bolanlaryň ählisi umumy ýatak jaýyna düşýärdiler».

 

«Kiýewiň № 5umumy ýatak jaýy. Obadan çykan işçileriň köpüsiniň öz ýaşaýyş jaýy bolman, umumy ýatak jaýynda ýaşaýardylar. Sowet hökümeti olar üçin arzan ýaşaýyş jaýyny gurdy; uzyn koridor, her otagda dört-bäş komnat, her gatda-da bir umumy aşhana bilen ýekeje hajathana bar.Aşakdaky gatda ýa-da ýerzeminde suwa düşmek üçin ýer bolardy. Ol ýaşaýyş jaýlary wagtlaýyn bolsa-da, onda ýaşaýanlaryň köprägi perestroýka döwründe-de hökümetden kwartira alyp bilmän, bütin ömrüne umumy ýatak jaýynda ýaşamaga mejbur bolupdy».

 

 

«Suratdaky oglanjyk ulalyp, häzir hem umumy ýatak jaýyndaky şol otagda ýaşaýar, ýöne eýýäm onuň ýanynda aýaly hem öz oguljygy bar. Onuň ejesi hem aýal dogany goňşy otagda ýaşaýar. Kakasy bolsa bireýýäm başga aýalyň ýanyna gidipdi».

 

 

 

«Lwowdaky raýatlary kabul ediş edarasy. Adamlar onuň gapysy açylmazdan has öň gelip, bu ýerde oturýarlar. Belki, ol bular üçin ilkinji gün hem däldir. Şeýle edaralaryň gapysynda tamasyny tala daňyp, mesele çözýän çinowniklere gaty köp garaşmaly bolýardylar».

 

 

 

«SSSR döwründe gaty köp haryt defisit, ýagny tapdyrgysyz hasaplanýardy. Ol gyt harydy “gazanmak” üçin, “möhüm” adamdan tanşyň bolmalydy.Käte bolsa döwlet baýramçylyklarynyň öň ýanynda täsin pursat emele gelip, gyt harytlary satuwa çykarýardylar. Olar köplenç dükanyň arka ýüzünden satylýardy. Ýöne şonda-da “dil üsti radio” hereket edip, örän uzyn nobatlar emele gelýärdi. Haýsydyr bir ýeser nobatsyz sokuljak bolsa, goh-galmagal döreýärdi».

 

 

 

«Giçki perestroýka. Kiýewiň modalar öýünde bir amerikanly biznesmen üçin, täze modalaryň görkezilişi boldy (ol ortada oturan depesi ýylçyr adam). Daşary ýurtlular üçin bar gapylary açýardylar, olaryň öňünde ylgaşýardylar. Soňra aýdylyşyna görä, ol amerikanly öňki hippi hem “filosof” eken».

Waleriý Reşetnýakyň beýleki suratlaryny şu salgydan görüp bilersiňiz.

Material AÝ/AR-nyň Ukrain gullugy tarapyndan taýýarlandy.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин назначил нового главу Стройкомплекса Москвы


Спорт в России и мире
Москва

Сотрудники Росгвардии приняли участие в чемпионате Центрального округа по боксу.


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Арина Соболенко

Соперница Арины Соболенко разрыдалась на плече белоруски


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Шашлыки и дача отменяются: аномальная погода на майские праздники в Москве, Питере и регионах





Путин в России и мире
Москва

Путин всё знал, но никого не предупредил: Немцы обвинили Москву в прорыве израильского Купола


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Лукашенко сравнил Всебелорусское народное собрание с «пустотой»




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Ru24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Владимир Зеленский подтвердил ракетный удар по аэродрому в Джанкое


Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Концерт

Концерт в Клинской детской школе искусств им. П. Чайковского



Москва

Россия могла ужесточить ограничения на поездки чиновников

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net