NATO-nyň ministrleri Owganystan barada ‘kyn dilemmany’ ara alyp maslahatlaşýarlar
NATO özüniň Owganystandaky geljegi bilen bagly göreşýän wagty, harby bileleşigiň daşary işler ministrleriniň 1-nji dekabrda iki günlük wideokonferensiýa başlamagyna garaşylýar.
Bileleşigiň baş sekretary Jens Stoltenberg NATO-nyň Owganystany terk edip, onuň halkara terrorçylary üçin amatly ýere öwrülmek ýa-da bu ýurtda galyp, täze zorluklar bilen has uzak möhletli missiýa galmak töwekgelçilikleri bilen baglanyşykly “kyn dilemma” bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny aýtdy.
Owganystandaky halkara howpsuzlyk tagallalaryna ýolbaşçylyk edeninden 17 ýyldan gowrak wagt geçensoň, häzirki wagtda NATO-nyň bu ýurtda onlarça döwletden takmynan 11 müň harbysy bar.
Olaryň häzirki wezipesi Owganystanyň milli howpsuzlyk güýçlerine harby tälim we maslahat bermekden ybaratdyr. Emma NATO-nyň howa, transport we logistika goldawyna bil baglaýan ABŞ güýçleriniň sanynyň 15-nji ýanwara çenli 2500-den 2000-e çenli azaldylmagyna garaşylýar.
Häzirlikçe NATO-nyň harby tälim missiýasy dowam edýär, ýöne öňümizdäki aýlarda “ýerdäki şertlere görä, bu ýurtdaky barlygymyzy gözden geçirmegi dowam etdireris” diýip, Stoltenberg 30-njy noýabrda Brýusselden geçirilen wirtual metbugat ýygnagynda aýtdy.