Erdogan ABŞ bilen gatnaşyklary sazlamak üçin Ak Tama bardy
Erdoganyň 13-nji noýabrda baran wagty NATO boýunça iki agza ýurdunyň arasyndaky dartgynlylygyň gurama döredileli bäri 70 ýylyň dowamyndaky iň güýçli derejä baran pursadyna gabat geldi.
“Biz bu sapary türk-amerikan gatnaşyklarynyň agyryly prosesden geçýän döwründe edýäris" diýip, Erdogan 11-nji noýabrda Waşingtona saparynyň öňüsyrasynda aýtdy.
Şol bir wagtyň özünde-de, Trampyň administrasiýasynyň baş wekili gatnaşyklary zäherleýän käbir ylalaşyksyzlyklaryň bardygyny tassyklady. Olar Türkiýäniň Orsýetiň raketadan goranyş S-400 sistemasyny satyn almagy we demirgazyk Siriýada ABŞ-nyň ýarany bolan kürt söweşijilerine harby basyşlary ýaly meseleleri öz içine alýar.
