Berdimuhamedow Daşkentde regional sammite gatnaşýar
28-nji noýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi iş sapary bilen Daşkende bardy. Bu barada TDH habar berýär.
28-nji noýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi iş sapary bilen Daşkende bardy. Bu barada TDH habar berýär.
Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, şu günler Türkmenistandaky aýazly howa ilat üçin hakyky synaga öwrüldi.
Täze ýyl baýramynyň we Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda, Aşgabadyň bazarlarynda “azyk bolçulygy” döredilýän mahaly, Mary şäherinde ilat, şol sanda gartaşan aýallar “Ahal” ýagyny satyn almak üçin gijesi bilen nobata durýar.
Lebaply ýaşaýjylar welaýatyň Döwlet migrasiýa gullugyndan 'biometriki pasport' almak üçin 2020-nji ýyl üçin nobata ýazylýarlar. Häkimiýetler pasport almak nobatynyň şonda ýetjekdigini aýdýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy 29-njy noýabrda habar berdi.
Lebaply ýaşaýjylar welaýatyň Döwlet migrasiýa gullugyndan 'biometriki pasport' almak üçin 2020-nji ýyl üçin nobata ýazylýarlar. Häkimiýetler pasport almak nobatynyň şonda ýetjekdigini aýdýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy 29-njy noýabrda habar berdi.
Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugy(FSB) Krym ýarymadasynda bir rus zenanynyň Ukrainanyň peýdasyna içalyçylyk etmekde şübhe bildirilip, tussag edilendigini aýtdy. Rus habar gulluklary 29-njy noýabrda FSB salgylanyp, rus raýatynyň “Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň Aňtaw müdirliginiň tabşyrygy boýunça” rus harby syrlaryny ele geçirmäge synanyşmakda aýyplanandygyny habar berdiler. Ol Sewastopol şäherinde tussag edildi. Federal howsuzlyk gullugy ol aýalyň Ukrainanyň aňtaw gulluklary tarapyndan hakyna tutulandygyny aýtdy... Читать дальше...
28-nji noýabrda onlarça oppozisioan syýasatçy Gürjüstanyň paýtagtynda toplandy, ýöne polisiýanyň bu töweregiň daşyny baglamagy netijesinde, olaryň parlament binasynyň öňünde ýygnanyşyk geçirmek planlary başa barmady. Tbiliside soňky iki hepdede geçirilen protest ýygnanyşyklarynda ýurduň saýlaw ulgamyny özgertmäge çagyryş edildi. Oppozisiýadaky partiýalar saýlaw ulgamynyň dolandyryjy partiýa, “Gürjüstanyň arzuwyna” gol ýapyp, adalatsyzlyk edýändigini aýdýarlar. 28-nji noýabrdaky ýygnanyşyk birnäçe sagatdan dargady. Читать дальше...
Azerbaýjanyň dolandyryjy Täze Azerbaýjan partiýasy (YAP) parlamenti dargatmak we prezident Ylham Alyýewden, partiýa liderinden irki parlament saýlawlaryna çagyrmagy soramak kararyna geldi. Partiýanyň ýerine ýetiriji başlygy Ali Ahmedow 28-nji noýabrda Bakuwda guralan metbugat ýygnagynda çykyş edip, bu çäräniň Alyýewiň alyp barýan özgertmeler we kadrlary çalyşmak syýasatyny goldamagy maksat edinýändigini aýtdy. Irki saýlawlar Azerbaýjanyň kanun çykaryjy guramasyny döwrebaplaşdyrmaga, ykdysady reformalary çaltlandyrmaga kömek eder diýip... Читать дальше...
Prezident Donald Tramp Owganystandaky ABŞ goşunlarynyň ýanyna öňünden aýdylmadyk Thanksgiving saparyna gelip, Birleşen Ştatlaryň “Talyban” bilen gepleşiklerini dikeldendigini aýtdy. Bu onuň uruşdan tozan ýurda 2017-nji ýylda işe başlaly bäri eden ilkinji sapary boldy. “Talyban” ylalaşyk baglaşmak isleýär we biz olar bilen duşuşýarys” diýip,Tramp 28-nji noýabrda Kabulyň demirgazygyndaky Bagram howa bazasynda žurnalistlere aýtdy. “Biz atyşyklar bes edilmeli diýdik we olar atyşygy bes etmek islemediler, indi olar atyşygy bes etmek isleýärler.
Gyrgyzystanyň Stambuldaky ozalky baş konsuly Erkin Sopokow Bişkekde tussag edildi. Onuň awtoulagynyň şu aýyň başynda Stambulda janyna kast edilen sinjiaňly telekeçiniň atylyp öldürilen ýeriniň golaýyndan tapylandygy aýdylýar. Gyrgyzystanyň döwlet milli howpsuzlyk komiteti onuň tussag edilendigini 28-nji noýabrda, Sopokow bu wezipeden boşadylandan iki hepde soňra yglan etdi. Aýerken Saýmaýti 10-njy noýabrda Stambulda öli tapyldy. Sinjiaňly etnik uýgur öldürilmezinden öň Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugynyň... Читать дальше...
Dördünji gün çap edilen resmi beýanatda aýdylmagyna görä, gümrük resmileri türkmenistanly aýaly 782 gram altyn şaý-seplerini bikanun geçirjek bolup synanyşanda tussag etdiler.
Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).
123ru.net — живые новости в прямом эфире!
В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.