Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2019

Her ýyl 'bol hasyl öndürýändigi' aýdylýan türkmenistanlylar Hasyl toýuny toýlaýar

0
Türkmenistanlylar 10-njy noýabrda Hasyl toýuny toýlaýar. Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu toý mynasybetli ýurduň oba hojalyk işgärlerine gutlag hatyny çap etdi.


Döwlet baştutanynyň umumy szölerde tassyklamagyna görä, ýurtda her ýyl ak bugdaýyň, gök-bakja önümleriniň, miweleriň we ir-iýmişleriň, “ak altynyň” bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär we pagta hasylyny öndürmekde "ýokary netijeler gazanylýar".


Şeýle-de prezident oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleriň ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmaga, ýurtda azyk bolçulygyny döretmäge giň mümkinçilik berjekdigini belläp, daýhanlar üçin ähli şertiň döredilendigi barada öňden aýdyp gelýän sözlerini tekrarlaýar.


“... edermen babadaýhanlarymyza geljekde hem halal zähmeti bilen baýamak, çekýän zähmetiniň hözirini görüp, bagtyýar durmuşda ýaşamak üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler dörediler” diýip, Berdimuhamedowyň gutlagynda aýdylýar.


Emma muňa garamazdan, türkmenistanly daýhanlaryň soňky onýyllyklarda barha garyp düşýändigi, daşary ýurtlara iş, gazanç gidýän oba adamlarynyň möçberiniň ýyl-ýyldan artmagy bilen, obalaryň görnetin çolaryp barýandygy hakynda aladaly maglumatlar gelip gowuşýar.


Berdimuhamedow soňky birnäçe ýylda oba hojalygyndaky problemalary, suw desgalarynyň gözgyny ýagdaýyny we suwuň bisarpa ulanylýandygyny, ýerleriň şorladylýandygyny, hasyllylygyň peselendigini, daýhanlaryň netijeli işläp bilmeýändigini ençeme gezek dile getirdi, daşary ýurtlardan gök, bakja önümleriniň, miweleriň import edilmegine garşy çykyp, ýerli önümçiligi ösdürmegi talap etdi.


Emma ýerli synçylar bu meselede diňe gury talap ýa-da häkimleri täzelemek, käýinç we duýduryş bermek bilen mesele çözüp bolmajakdygyny, oba özgertmeleriniň ýarymçyk däl-de, düýpli we dolanuwsyz bolmalydygyny aýdýarlar.


Mundan başga, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşýän hünärmenleriň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda soňky ýyllarda ne bugdaý, ne pagta plany dolýar. Olar türkmen häkimiýetleriniň plan dolduk diýip, hem halky, hem özlerini oýnaýandyklaryny aýdýarlar. 

 





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net