Putin we Netanýahu urlup ýykylan rus aňtaw uçaryndan soň ilkinji duşuşyga taýýarlanýar
Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu “basym” rus prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşjagyny aýdýar. Bu geçen aý Ortaýer deňziniň günortasyndaky asmanda rus aňtaw uçary Siriýanyň howa-gorag güýçleri tarapyndan urlup ýykylandan soň, iki lideriň arasyndaky ilkinji duşuşyk bolar. Netanýahu we Putin telefonda gepleşip, wajyp howpsuzlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmagy dowam etdirmek barada ylalaşyga geldiler. Ysraýyl lideri bu maglumaty 7-nji oktýabrda, gepleşikleriň hiç bir senesini agzaman habar berdi. Читать дальше...