Owganystanyň Wardak welaýatynda “Talyban” 7 polisiýa ofiserini öldürdi
Owganystanyň Wardak welaýatynda “Talyban” söweşijileri bilen bolan söweşde azyndan ýedi polisiýa ofiseri öldürildi diýip, resmiler aýdýarlar.
“Talyban” söweşijileri 6-njy oktýabr güni giçlik Saýeed Abad etrabynda hökümet binasyna ot berdiler we beýleki alty ofiser bilen bilelikde etrap polisiýasynyň başlygyny öldürdiler diýip, welaýat gübernatorynyň sözçüsi aýtdy.
Abdul Rahman Mangalyň sözlerine görä, “Talyban” barlag nokatlaryny weýran etdi we şhäriň käbir bölekleriniň elektrik toguny kesdi.
Owgan howpsuzlyk güýçleri bu hüjümi yzyna serpikdirdi, emma atyşyk şindi hem dowam edýär diýip, Mangal aýtdy. Ol “Talyban” tarapdan hem ýitginiň bolandygyny aýtdy.
“Talybanyň” sözçüsi Zabihullah Mujahidiň çap eden beýanatynda jeňçileriňSaýeed Abad etrabynyň merkezini we onuň töweregindäki barlag nokatlaryny ele geçirendigi aýdylýar.