Dünýä liderleri Trampa Orsýeti G7-ä yzyna çagyrandygy üçin igendiler
Günbatar döwletleri ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Orsýeti 7-ler toparyna yzyna çagyrmak pikirini oňlamadylar.
German kansleri Angela Merkel munuň gündogar Ukrainadaky konflikti çözmekde “progres” bolýança başa barmajakdygyny aýtdy.
Ýewropa Bileleşiginiň dört ýurdy ýediler toparyna girýär we olar sammitden öň özara maslahat edip, Ukrainadaky problemalardadüýpli öňegidişlik gazanylýança Orsýetiň 7-ler toparynyň formatyndaky sammitlerinedolanyp bilmejekdigi barada ylalaşyga geldiler diýip, Merkel Kanadanyň Kubek şäherinde 8-nji iýunda başlanan sammitiň öňünden aýtdy.
Orsýet bu topardan dört ýyl ozal, Ukrainanyň Krym ýarymadasyny anneksiýa edip, gündogar Ukrainadaky urşa meçew bereninden soň çykaryldy.
Bu uruşda 10,300 öldürildi.