Bütindünýä banky Türkmenistanda ykdysady ösüşiň ýokarlanjagyny çaklaýar
Bütindünýä banky Türkmenistanda ykdysady ösüşiň depginini ýokarlandyryp, 2018-nji ýylda ony 6,3 prosente galdyrdy. Bu barada bankyň “Global ykdysady perspektiwalar” hasabatynda habar berilýär.
Bankyň ekspertleriniň maglumatyna görä, 2019-2020-nji ýyllarda türkmen ykdysadyýetiniň ösüşi 6,3 prosente çenli ýokarlanar. Bütindünýä banky 2017-nji ýylda Türkmenistanda jemi içerki önüm ösüşiniň 6,5 prosent boljagyny çaklapdy.
Mälim bolşy ýaly, bank ekspertleri öz çaklamalrynda Türkmenistanyň beren resmi sanlaryna esaslanýarlar.
Şu aralykda Jon Hopkins uniwersitetiniň professory we “Kynçylykly” walýutalar proýektiniň ýolbaşçysy Stiw Henk türkmen manadynyň hümmetsizlenmeginiň ýyllyk görkezijisini çap etdi, ol häzir 294 prosente barabar.
Bu meselede iň ýaramaz ýagdaý Wenezuelada, 2018-nji ýylyň mart aýynyň aýagynda bu ýerdäki inflaýsiýanyň derejesi 6888% boldy.
Infilýasiýa meselesinde Sudan hem iň ýaramaz ýadaýdaky ýurtlaryň biri bolup durýar, emma bu ýerde onuň ösüşi 91 prosente ýetdi.