Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Январь
2025
1
2 3
4
5 6 7 8 9 10
11
12
13 14 15 16 17
18
19
20 21 22 23 24 25
26
27 28 29 30 31

Polisiýa gijeki klublarda talyp ýaşlara we ýokary synp mekdep okuwçylaryna garşy reýd geçirýär

0
Polisiýa işgärleri Lebap welaýatynyň edara ediş merkezinde we onuň golaýyndaky etraplarda ýerleşýän gijeki klublarda reýd geçirip, talyp ýaşlary we ýokary synp mekdep okuwçylaryny nyşana alýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär.


Türkmenistanda talyp ýaşlara we ýokary synp mekdep okuwçylaryna dilden görkezme esasynda gijeki klublara barmaklyk gadagan edilýär. Häkimiýetler ýaş raýatlary berk gözegçilik astynda saklap, şeýle ýagdaýlaryň öňüne geçýärler.


Gündogar sebitdäki ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň birnäçe talyby gijeki klublarda iki hepde çemesi wagt bäri dowam edýän tutha-tutluklar bara gürrüň berip, talyp ýaşlaryň para bilen polisiýanyň elinden gutulmaga çalyşýandyklaryny aýtdylar.




“Men baryň öňünde kokteýl içip otyrkam, raýat eşigindäki polisiýa işgäri gelip, pasportymy sorady. Meniň şahsyýetimi anyklamak bahanasy bilen, şäheri polisiýa bölümine alyp gitmekçi boldy. Klubyň daşynda “bir ýerde okaýaňmy, ýa-da işleýäňmi” diýip sorady. Men aljyrap, oňa mugallymçylyk institutynda okaýaryn diýip, dogrymy aýtdym. “Talyplara gijeki klublara barmak bolanok. Ýokary okuw jaýynyň administrasiýasyna habar bermeli bolaryn diýip, haýbat atdy. Jübimdäki 400 manady bermeli boldym” diýip, Türkmenabat şäherinde ýerleşýän bir gijeki klubda polisiýanyň eline düşen talyp Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.


Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk instituty we başga-da birnäçe orta hünär okuw mekdepleri bar.


Ýaş raýatlar  ýokary okuw jaýynyň içinde we daşynda özüňi alyp barmagyň düzgünlerini berjaý etmek bilen borçlanýarlar. Talyplaryň şahsy wagtlary hem häkimiýetler, şol sanda bilim resmileri tarapyndan berk gözegçilik astynda saklanýar.


Lebap welaýatynyň içeri işler edaralaryndaky çeşmeler şeýle reýdleriň olara gatnaşýan polisiýa işgärleriniň öz başlangyçlary boýunça ýerine ýetirilýändigini aýdýar.


“Kärdeşlerimiz goşmaça gazanç etmek maksady bilen, öz aralarynda dilleşip, talyp ýaşlara we mekdep okuwçylaryna garşy şeýle reýdleri wagtal-wagtal geçirip durýarlar. Bu hili tutha-tutluklara raýat eşiginde gatnaşylýar. Bu ýagdaý ençeme ýyllardan bäri gaýtalanyp gelýär. Biz hem başlyga her aýda ‘paç’ tölemeli bolýarys” diýip, içeri işler edaralaryndaky çeşme aýdýar. Ol alnyp barylýan reýdlere degişli buýrugyň ‘ýokardan berilmändigini’ belläp, sözüniň üstüni ýetirdi.




Çärjew etrabyndan bolan 12-nji synp bir mekdep okuwçysy ýaňy-ýakynda Türkmenabatdaky gijeki klublaryň birinde özüniň polisiýa reýdlerine şaýat bolandygyny gürrüň berýär.


“Polisiýa işgärleri klubyň administrasiýasy bilen edil dilleşen ýaly hereket edýär. Polisiýa gelende, klubda dynç alýanlaryň içinden diňe ýokary synp mekdep okuwçylaryny we talyp ýaşlary ýygnadylar. Emma polisiýa uçastogyna alyp gitmän, menden we meniň ýanymdaky dostlarymdan para aldylar” diýip, çärjewli ýokary synp mekdep okuwçysy aýdýar.


Şäher polisiýasyndaky çeşme Türkmenistanda 21 ýaşy dolmadyk raýatlara alkogolly içgileriň gadagan edilýändigini aýdýar.


Kämillik ýaşyna ýetmedik adamlara temmäki önümleriniň hem-de spirtli içgileriň satylmagynyň gadagan edilmegi dünýä tejribesinde bar bolup, bu ugurdaky ýaş çäklendirmesi ençeme ýurtda 18 ýaş hökmünde kesgitlenýär.


Azatlyk Radiosy gündogar sebitiň gijeki klublarda alnyp barylýan reýdler boýunça ýerli polisiýa edaralaryndan teswir alyp bilmeýär.


Ýurduň kanunçylygy talyp ýaşlaryň gijeki klublara, ýa-da kafe-barlara barmagyny gadagan etmeýär. Ýöne şuňa meňzeş çäklendirmeler köplenç ýokary okuw jaýlarynyň içerki düzgünleri esasynda ýerine ýetirilýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net