
Türkmen häkimiýetleriniň we metbugatynyň Türkiýede onlarça adamyň, şol sanda ýedi türkmenistanlynyň ölümine sebäp bolan ýasama spirtli içgiler wakasy barada tapgyr ikinji gezek dymyşlygy, ýurt ýaşaýjylarynyň arasynda nägilelik döredýär.
Aşgabadyň orta mekdepleriniň ençemesinde okuwçylar, mugallymlaryň ýoklugy sebäpli, sapak geçmän öýlerine gaýdýarlar. Bu ýagdaý, ýurduň orta mekdepleriniň mugallymlarynyň arasynda geçiriljek bäsleşik bilen baglanyşykly. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 21-nji ýanwarda paýtagtdan maglumat berdi. “Şu günler paýtagtyň ençeme mekdebinde birnäçe synpyň okuwçylary irden mekdebe barýarlar. Ýöne okuw okaman, ýene öýlerine gaýdýarlar. Sebäbi olaryň mugallymlary häzir sapak okatman, öz okadýan dersine... Читать дальше...
Türkmen häkimiýetleriniň we metbugatynyň Türkiýede onlarça adamyň, şol sanda ýedi türkmenistanlynyň ölümine sebäp bolan ýasama spirtli içgiler wakasy barada tapgyr ikinji gezek dymyşlygy, ýurt ýaşaýjylarynyň arasynda nägilelik döredýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 21-nji ýanwarda Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlaryndan maglumat berdiler. “Heläk bolan adamlaryň arasynda türkmen raýatlary hem bar ahyryn, nädip şonça ýogalan adamy görmezlige salyp bolar” diýip, daşoguzly ýaşaýjy anonimlik şertinde habarçymyza aýtdy. Читать дальше...
Russiýanyň Daşary işler ministrligi Russiýanyň "Nezawisimaýa Gazeta" neşirini Gurbanguly Berdimuhamedowy tankytlaýan makala çap edendigi üçin tankytlady. "Nezawisimaýa Gazetanyň" "Bitaraplyk ikinji Türkmenbaşynyň şahsyýet kultyny güýçlendirmek üçin bahana boldy" atly makalasynda Türkmenistanda Berdimuhamedow maşgalasynyň şahsyýet kultynyň näderejede güýçlenýändigine syn berilýär. 12-nji ýanwarda çap edilen we birnäçe günden soň pozulan bu makalada propagandanyň Gurbanguly Berdimuhamedowy şöhratlandyrmak... Читать дальше...
Daşary ýurtlara gitmäge synanyşýan türkmenistanlylaryň ýardam hödürleýän araçylaryň aldawyna düşmegi bilen bagly ýagdaýlar Mary welaýatynda ýüze çykdy. Azatlygyň habarçylary dokumentleri taýýarlap bermegi wada berýänleriň hem-de şeýle araçylaryň hyzmatyndan peýdalanmakçy bolup, işini bitirmän, pulsuz galýan adamlaryň sanynyň köpelýändigini habar berýärler. "Mary welaýatynda 'daşary ýurtlara işlemäne ugradýaryn, ähli dokumentlik işinem özümiz düzedip berýäris, ýokary wezipeli tanyşlarymyz bar, hatda aeroportdan hem özümiz jogap berip... Читать дальше...
Birleşen Ştatlaryň Senaty 53 ýaşly respublikan Marko Rubiony ABŞ-nyň döwlet sekretary wezipesine biragyzdan tassyklady. Bu wezipe ýewropa ýurtlarynyň daşary işler ministri wezipesine laýyk gelýär. Ses berişlik ikinji gün agşamynda geçirildi. Rubionyň kandidaturasyny onuň özi bilen birlikde 99 senator goldady. Ol bu wezipä prezident Donald Tramp tarapyndan hödürlenip, 47-nji prezidentiň kabinetiniň ilkinji tassyklanan agzasy boldy. Kubaly immigrantlaryň maşgalasyndan bolan Rubio respublikanlaryň... Читать дальше...
Hytaý 2024-nji ýylyň noýabr aýynda Žuhaý şäherinde gezim edýän adamlaryň üstünden awtoulagyny süren 62 ýaşly sürüji Fan Weikiu jezalandyrdy. Ol öz bilkastdan eden hereketi bilen 35 adamyň ölümine, 43 adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy. “South China Morning Post” neşiriniň maglumatyna görä, kazyýet Weikiuy 27-nji dekabrda "aýylganç" we "wagşy jenaýatda" günäli tapdy we "jemgyýetiň howpsuzlygyna wehim salýandygyny" aýdyp, ölüm jezasyna höküm etdi. Hytaýly erkek 20-nji ýanwarda jezalandyrylyp öldürildi. Читать дальше...
Aktiwist Serghiý Zinçenko Gazagystanyň demirgazygyndaky Kostanaýda, Gazak drama teatrynyň daş işiginde görkezen ‘tomaşasyndan’ soň tussag edildi diýip, “Naşa Gazeta” gazeti habar berýär. Aktiwist şu gün özüniň "Satira jenaýat däl" diýen ýazgyly kurtkasyny görkezipdir. Neşir wakanyň bolan ýerine bada-bat häkimligiň, polisiýanyň we prokuraturanyň işgärleriniň gelendigini we onuň "rugsat alynmadyk hereketlerini" bes etmegini talap edendigini belleýär. Zinçenko hökümet işgärlerine "munuň piket ýa-da miting däl-de... Читать дальше...
ABŞ-nyň prezidenti wezipesine girişen Donald Tramp onlarça karara, şol sanda Jo Baýden administrasiýasynyň 78 kararyny ýatyrmak ýaly ýerine ýetiriji buýruklara gol çekdi. Tramp ilkinji ýerine ýetiriş buýruklaryna "Capital One Arenasynda", müňlerçe tarapdarynyň inagurasiýa dabarasy üçin ýygnanan ýerinde gol çekdi. Täze prezident ozaly öňki prezident Jo Baýdeniň 78 kararyny ýatyrdy. Olaryň biri agyr jenaýat eden, milli howpsuzlyga wehim salýan ýa-da serhetde tussag edilen adamlary deportasiýa etmek baradaky karar boldy. Читать дальше...
Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).
123ru.net — живые новости в прямом эфире!
В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.