Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Декабрь
2020

Lebap: Hususy maldarçylyk hojalyklary 'zyýana galýar'

0
Faraply we çärjewli çarwadarlar özlerine döwlet ýeňillikleriniň berilmezliginden şikaýat edýär. Olar et we süýt plan borçnamalaryny wagtly-wagtynda ýerine ýetirýändiklerini aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.


Habarçy Lebabyň Farap we Çärjew etraplarynda ençeme maldarçylyk hojalyklarynyň eýeleri bilen gürrüňdeş boldy.


Olaryň sözlerine görä, döwlet maldarlara ýeňillikli bahadan berýän künjarasyny we bugdaý kepegini sekiz aý bäri bermeýär.


Bir kilogram künjaranyň döwlet bahasy 50 teňňe. Ýöne maldarçylyk hojalyklary künjaranyň bir kilogramyny “5 manat 40 teňňeden hususy taraplardan satyn alyp, mallaryny bakýarlar” diýip, efirde atlandyrylmazlygyny soran bir çarwadar Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.




Habarçy döwletiň şertnama esasynda maldar hojalyklardan et-süýt satyn alýandygyny habar berdi. Maldarlar öz et-süýt plan borçnamalaryny wagtly-wagtynda döwlete geçirýändiklerini nygtaýar.


Habarçynyň maglumatlaryna görä, şu günler Farap we Çärjew etraplarynda 1 kilogram et 60-80 manat aralygynda bahalanýar. Ýöne muňa garamazdan, maldar hojalyklar döwletiň 1 kilogram et üçin özlerine 7 manat töleýändigini, özleriniň her aý 100 baş gara mal üçin 300 kilogram eti wagtly-wagtynda döwlete geçirýändiklerini aýdýarlar.


“Şertnamada döwlet maldarlary ýeňillikli ot-iým we elýeter weterinar hyzmatlary bilen üpjün etmäge borçlanýar” diýip, bir faraply ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.


“Döwlet ýeňillikleriniň hiç biri tas bir ýyl bäri çarwadarlara berilmeýär” diýip, beýleki bir maldar tassyklady. Ol muňa garamazdan, döwlet bilen şertnama esasynda mal ýetişdirýän hususy maldar hojalyklaryň et-süýt plan borçnamalaryny wagtynda tabşyrýandyklaryny gaýtalady.


Şeýle-de, iri we ownuk şahly mal ýetişdirýän hojalyklar mal salgytlaryny hem wagtynda töleýändiklerini aýdýarlar.


Habarçy bilen anonim şertde gürrüňdeş bolan faraply beýleki bir fermer öz işini togtatmaga mejbur bolýandygyny, çykdajylarynyň girdejilerini ödemeýändigini aýdýar.


Fermerler hususan-da ot we künjara üçin edýän çykdajylarynyň özüni ödemeýändigini aýdýarlar.




“Onuň üstesine, döwlete et plan, süýt plan tabşyrmaly, on töweregi işçä her aý aýlyk bermeli” diýip, bir maldar hojalygyň eýesi iş bitirmek üçin kähalatlarda özleriniň emeldarlara para bermäge-de mejbur bolýandyklaryny gürrüň berdi.


Resmi metbugat ýurtda iri maldarçylyk hojalyklarynyň döredilýändigini, öri meýdanlaryň giňeldilýändigini hem-de çopanlaryň iş şertleriniň gowulandyrylýandygyny, ýurduň maldarçylyk pudagynda sanly tehnologiýalardan peýdalanylýandygyny gaýtalaýar. Şeýle-de döwlet metbugaty ýurtda hususy telekeçileriň daýhan hojalyklaryň ösdürilmegine, şol sanda maldarçylyk toplumlarynyň döredilmegine goşant goşýandygyny aýdýar, ýöne olaryň künjara we kepek ýetmezçiligi barada dil ýarmaýar.


Türkmenistanda hususy mallary bakýan çopanlar 600 manat töwereginde aýlyk alýarlar, emma hususy mallaryň eýeleri hem, ot-iým gytçylygy we gymmatçylygy zerarly zyýan çekýärler.


Synçylara görä, Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki maldarçylygyň agyr ýagdaýy, mal keselleri, çopanlaryň owlak-guzy almak boýunça döwlet planlaryny ýerine ýetirip bilmezligi, olaryň iş şertleriniň gowulaşmaýandygy açyk syr bolmagynda galýar.


Türkmenistanda maldarçylyk pudagyna esasan iri şahly maldarçylyk, düýedarçylyk, dowardarçylyk, şol sanda goýundarçylyk, gylýalçylyk, guşçulyk, ýüpekçilik, balaryçylyk, balykçylyk we doňuzdarçylyk girýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net