Azerbaýjan güýçleri Daglyk-Garabag ylalaşygy boýunça üçünji etraba girdi
“Şu aýyň başynda Ermenistan, Azerbaýjan we Russiýa tarapyndan gol çekilen şertnama laýyklykda, 1-nji dekabrda Azerbaýjan goşunynyň bölümleri Laçyn regionyna girdi” diýlip, Goranmak ministrliginiň beýanatynda aýdylýar.
Şeýle-de ministrlik Azerbaýjanyň baýdagyny galgadyp, ýük awtoulaglarynyň kerwenine ýolbaşçylyk edýän bir tanky görkezýän wideony hem ýaýratdy.
1990-njy ýyllaryň başynda Sowet Soýuzynyň dargamagy bilen, Azerbaýjan Ermenistan bilen bolan söweşde Laçyn sebitiniň gözegçiligini ýitiripdi. Laçyn - Ermenistanyň halkara derejesinde ykrar edilen serhedi we Daglyk-Garabagdaky etniki ermeniler tarapyndan dolandyrylýan sebitleriň arasyndaky strategiki birleşdiriji sebit hasaplanýar.
Ermenistan üç onýyllyga golaý wagt bäri Ýerewanyň gözegçiliginde bolan Daglyk-Garabag sebitiniň üç etrabyny - Agdamy, Karwaçary we Laçyny 9-njy noýabrda gol çekilen ylalaşyk esasynda yzyna tabşyrmaga razy boldy. Bu ylalaşyk Daglyk-Garabagda we onuň töwereginde harby hereketleri togtatdy.
