Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Март
2020

Türkiýede ýasama arakdan ölen türkmenleriň sany 40-a golaýlady (WIDEO)

0
Türkiýede ýasama arakdan zäherlenip ölen türkmenistanlylaryň sany 38-e ýetdi diýip, Azatlyk Radiosynyň Stambuldaky çeşmesi habar berýär. Bu aralykda, resmi Aşgabat bu ýagdaý barada dymyp, merhumlaryň jesetlerini hem kabul etmekden ýüz öwürýär. 


Geçen hepde Stambulda koronawirusdan goranmak üçin ýasama arak içip, onlarça türkmenistanlynyň zäherlenip ölendigi, başga-da 30-a golaýynyň keselhana ýerleşdirilendigi barada hem Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri, hem-de türk habar serişdeleri maglumat beripdiler.




 


Bu ýagdaý bilen ilteşikli türk mediasynda 20-nji martda çykan soňky habara görä, ýasama arakdan ýene bir türkmen raýaty ölüp, heläk bolanlaryň umumy sany 21-e ýetipdir. Mundan başga-da, 33 türkmenistanly hassahanada bejergi almagyny dowam etdirýär. 


Emma, Azatlyk Radiosynyň bu ýagdaýlary ýakyndan yzarlaýan Stambuldaky çeşmesiniň 23-nji martda habar bermegine görä, ölen türkmenistanlylaryň sany eýýäm 38-e ýetipdir.


“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri hem 21-nji martda öz çeşmelerine salgylanyp, Stambulda ýogalan türkmenistanlylaryň sanynyň 37-ä ýetendigini habar berdi. Neşiriň maglumatyna görä, 13-nji martdan bäri agyr zäherlenme bilen 61 adam keselhana ýerleşdirilipdir. Zäherlenenleriň 24-si häzir Stambulyň hassahanalaryndaky reanimasiýa bölümlerinde saklanyp, olaryň käbirniň komada, ýagny huşsuz ýagdaýda ýatandygy bellenilýär.


Bu pajygaly ýagdaý barada resmi türkmen wekillerinden hiç hili maglumat almak başartmaýar. Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasynyň telefon, şol sanda gyssagly ýagdaýlar üçin diýip görkezen belgileriniň hiç biri jogap bermeýär.


Şol bir wagtda, Türkmenistanyň daşary ýurtda heläk bolan raýatlarynyň jesetlerini kabul etmekden ýüz öwürýändigi bellenilýär. Stambuldaky türkmen konsulhanasy Aşgabatdan bu barada görkezmäniň ýokdugyny aýdypdyr. Resmi türkmen wekillerinden telefon arkaly bu barada kommentariýa almak başartmady.


Azatlyk Radiosynyň çeşmesi türkmen häkimiýetlerinden umydyny üzen adamlaryň merhumlaryny eýýäm Stambulyň gonamçylyklarynda jaýlap başlandyklaryny aýdýar. 


Geçen hepde soňy Azatlyk Radiosyna ýasama içgiden zäherlenip heläk bolan türkmen raýatynyň jaýlanyşyny görkezýändigi aýdylýan wideo gowuşdy. 




 


“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri hem Stambulyň “Kilýos” gonamçylygyndaky jaýlanyş pursatlaryny görkezýän wideony çap etdi. Onda käbiriniň üstünde türkmenistanlydygyny äşgär edýän, köpüsinde hem diňe tertip san belgisi goýulan mazarlyklary görse bolýar.


Türkmenistanyň resmileri, şeýle-de habar serişdeleri onlarça raýatynyň Türkiýede heläk bolandygy barada häzire çenli hiç söz açmadylar. 





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net