Bolgariýada ukrain aktiwistine hüjümi gurnamakda şübhelenýän tussag edildi
Bolgariýanyň sudy 27-nji ýanwarda ukrain raýaty Oleksiý Moskalenkony (Levin), Ukrainanyň Interpoluň üsti bilen yglan eden gyzyl duýduryşyna laýyklykda, 40 gün möhlet bilen tussaglyga hökümet etdi.
Ukraina Moskalenkonyň ukrain aktiwistiniň ölümine getiren hüjümi gurnanlaryň biri bolmakda şübhelenýär.
Bolgar prokurorlary Moskalenkonyň ekstradisiýa edilmegi boýunça Ukrainanyň baş prokurorynyň orunbasary Wiktor Trepakdan degişli dokumentleriň gowuşandygyny aýtdylar.
Bolgar polisiýasynyň maglumatyna görä, 42 ýaşly Moskalenko 24-nji ýanwarda Gara deňziň boýundaky Burgas şäherinde saklanypdyr. Ol polisiýa işgärlerine garşylyk görkezmändir.
Polisiýa onuň 2018-nji ýylda Rumyniýadan Bolgariýa pyýada geçendigini we ukrain aýaly tarapyndan kireýine tutulan jaýda ýaşandygyny aýtdy.
Şol ýylyň 31-nji iýulynda Ukrainanyň Herson şäherinde aktiwist Kateryna Handzýukyň üstüne kislota sepildi. Onuň bedeniniň 30%-ne şikes ýetip, ol ýaralary sebäpli, üç aýdan soňra Kiýewde aradan çykdy.
Şäher geňeşiniň resmisi we Hersonyň häkiminiň maslahatçysy bolan Handzýuk ýygy-ýygydan şäherdäki parahorlyga garşy çykyş edipdi.