Türkmen futbolçy zenanlary özbek zenanlaryndan 7-0 hasabynda ýeňildi
Mundan öň, Türkmenistanyň aýallar komandasy Eýranyň toparyndan 5-0, Owganystanyň oýunçylaryndan hem 2-1 hasabynda ýeňilipdi.
CAFA Merkezi Aziýa Futbol Assosasiýasy Merkezi Aziýanyň futbol oýnaýan döwletleriniň bileleşigidir.
22-28-nji noýabr aralygynda Täjigistanyň Duşenbe we Hisor şäherlerinde geçirilýän çempionatda Owganystanyň, Eýranyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň toparlary çykyş edýärler.
TDH häzirlikçe türkmenistanly futbolçylaryň goňşy ýurtdaky ýeňlişi barada maglumat çap etmedi.
