Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2019

Türkmenistanda ýene ykdysady ösüş tassyklandy, ilatyň kynçylyklary agzalmady

0
Türkmenistanyň prezidenti Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýene bir gezek ýurt resmileriniň hasabatlaryny diňledi, olaryň aýdan uly ösüş sanlaryny tassyklady, zähmet haklarynyň artandygyny we doly tölenendigini aýtdy, käýinçleri paýlady. Emma, ýurt raýatlarynyň ýüzbe-ýüz bolýan eklenç aladalary, maliýe kynçylyklary barada kelam söz aýdylmady.


15-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň on aýynda ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine hem-de geljek ýyl üçin döwlet býujetiniň we taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna seredildi.


Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Goçmyrat Myradowyň sözlerinden çen tutulsa, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3% artypdyr. Şeýle-de, ýanwar – oktýabr aýlarynda bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 19,1% artypdyr, Daşary söwda dolanyşygy bolsa 4,2% ýokarlanypdyr.


Hasabat döwründe Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 15,7 milliard manada we çykdajy bölegi 15,6 milliard manada deň bolupdyr.




Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň hökümet mejlislerinde ýurtdaky makro-ykdysady görkezijiler boýunça uly-uly ösüş sanlarynyň getirilmegi, şol bir wagtda hakyky durmuş, raýatlaryň iş, gazanç etmek mümkinçilikleri we giň ýaýran korrupsiýa, parahorlyk bilen bagly kynçylyklary barada umuman dymylmagy täzelik däl.


Galyberse-de, ýurtda azyk harytlaryň gytçylygynyň, aýlyklaryň gijikdirilmeginiň we olary nagtlaşdyrmakdaky kynçylyklaryň fonunda, ýurt resmileri ortaça aýlyk zähmet haklarynyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9.6% artandygyny, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň öz wagtynda maliýeleşdirildigini öňe sürdüler.




Mundanam başga, maslahatyň dowamynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin”:



Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy M.Sylabowa käýinç;
Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmensenagat” agentliginiň başlygy R.Öwezowa käýinç yglan etdi.


Adatça bolşy ýaly, käýinçleriň anyk sebäbi görkezilmeýär.


Türkmenistan agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýär. Türkmen hökümeti bu krizisi boýun alman, daşardan getirilýän önümleri azaltmak, eksportyň ornuny tutýan we eksport edip boljak önümleri köpeltmek syýasatyny öňe sürdi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net