Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2019

Kasymberdi Garaýew azatlyga çykdy we habarlaşdy

0
6-njy noýabr güni giçlik özüni Kasymberdi Garaýewiň kakasy, Maksat Garaýew hökmünde tanyşdyran bir erkek kişi Azatlyk Radiosynyň baş redaktory bilen habarlaşdy.


Mundan öň, Azatlyk Radiosy aşgabatly 24 ýaşly Kasymberdi Garaýewiň polisiýanyň edarasyna çagyrylandan soňra ýitirim bolandygy barada maglumat beripdi. Bu wakadan birnäçe gün ozal bolsa, ýagny 21-nji oktýabrda Azatlyk Radiosynda onuň özüniň jynsy ugry sebäpli Türkmenistanyň kanun goraýjy edaralarynyň işgärleriniň we öz ýakyn hosssarlarynyň basyşlary we gynamalary baradaky gürrüňi çap edilipdi.




 


6-njy noýabrda bolan telefon gepleşiginde Azatlygyň işgäri Garaýew bilen wideo arkaly habarlaşmak mümkinçiligi bilen gyzyklandy. Netijede, Imo messenjeriniň üsti bilen wideo arkaly gürleşip, onuň hakykatdan hem Kasymberdi Garaýewdigine göz ýetirildi.


Gürrüňdeşligiň dowamynda Garaýew mundan ozal Azatlyk Radiosy bilen hiç habarlaşmandygyny, şeýle-de mundan öň ozi barada berlen maglumatlaryň hakykata gabat gelmeýändigini aýtdy. 




 


Ýakynlaryna ýüzlenip Azatlyga ugradan wideosy barada soralanda, ol munuň başga maksatlar üçin düşürilendigini we Azatlygyň redaksiýasyna ýalňyşlyk bilen düşendigini aýtdy.


Kasymberdiniň kakasy Maksat Garaýew Azatlyk bilen söhbetdeşliginde çap edilen makalalarda aýdylýanlaryň köpüsiniň ýalandygyny aýtdy; emma, anyk nämäni ‘ýalan’ atlandyrýandygyny takyklaşdyryp bilmedi.


Ol Azatlykdan Kasymberdiniň ykbalyna alada bildiren adamlar we guramalar bilen habarlaşyp, onuň hal-ahwalynyň gowudygy barada maglumat berilmegini sorady.




 


Ýatlatsak, 6-njy noýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Italiýa edýän resmi saparyna gabatlap, Italiýanyň iň täsirli syýasatçylarynyň biri senator Monisa Çirinna (Monica Cirinna) Kasymberdi Garaýewi gorap çykyş etdi; şeýle-de ol italýan resmilerinden türkmen delegasiýasy bilen duşuşyklarynda onuň ykbaly bilen bagly meseläni gozgamagy sorady.


Mundanam başga, LGBT hukuklaryny goraýjy guramalaryň ençemesi Kasymberdi Garaýewi gorap, kampaniýa alyp bardylar.


Italiýanyň “Arçigeý” (Arcigay) guramasy, Erkekleriň saglygy boýunça Ýewraziýa koalisiýasy (ЕСОМ), Halkara “Ollaut” (Allout) guramasy Italiýanyň hökümetini Türkmenistanyň delegasiýasy bilen duşuşyklarynda Kasymberdi Garaýewiň ýitirim bolmagy bilen baglylykdaky meseläni gozgamaga çagydylar.


Adam hukuklaryna gözegçilik edýän Human Rigths Watch guramasy 1-nji noýabrda beýanat ýaýradyp, onda türkmen häkimiýetlerini Kasymberdi Garaýewiň tussaglykda saklanyp-saklanmaýandygy barada derhal jogap bermäge we eger, şeýle bolsa, ony dessine azatlyga goýbermäge we degişli düşündirişleri bermäge çagyrdy.




 


Türkmenistan gomoseksual gatnaşyklary jenaýat hasaplaýan ýurtlaryň hatarynda bolmagyna galýar. Dünýäde şeýle döwletler 60 töweregi bolup, olaryň sany gitdigiçe azalýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net