Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2019

LGBT guramalary Italiýa sapar edýän Berdimuhamedowdan türkmen geý ýigidiniň ykbalyny aýdyňlaşdyrmagy soraýarlar

0
LGBT guramalary Italiýa sapar edýän Berdimuhamedowdan türkmen geý ýigidiniň ykbalyny aýdyňlaşdyrmagy soraýarlar

6-njy noýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Italiýa resmi sapary başlanýar. Bu barada geçen aý maglumat berlen bolsa-da, ne türkmen, ne-de italiýan mediasy saparyň gün tertibi we onuň dowamynda göz öňünde tutulýan duşuşyklar barada maglumat berdi. Mundanam başga, türkmen prezidentiniň Rima sapar etjekdigi ýa-da diňe Milan bilen çäklenjekdigi hem häzirlikçe aýdyň däl. Bellesek, şu gün Milanda resmi sapara bagyşlanyp biznes forum hem geçirilýär.

Türkmenistanyň awtoritar prezidentiniň bu sapary, türkmen ýigidi Kasymberdi Garaýewiň özüniň geýdigini boýun alandan soňra, Aşgabatda ýitirim bolmagyndan iki hepde soň bolup geçýär.

 

Şu sebäpli, LGBT aktiwistleri italiýan hökümetine ýüzlenip türkmen delegasiýasy bilen duşuşyklarda Garaýewiň, şeýle-de Türkmenistandanky jynsy azlyklaryň hukuklary bilen bagly meseleleri gozgamaga çagyrýarlar.

Italiýanyň “Arçigeý” (Arcigay) guramasy, Erkekleriň saglygy boýunça Ýewraziýa koalisiýasy (ЕСОМ), Halkara “Ollaut” (Allout) guramasy Italiýanyň hökümetini Türkmenistanyň delegasiýasy bilen duşuşyklarynda Kasymberdi Garaýewiň ýitirim bolmagy boýunça meseläni gozgamaga çagyrýarlar.

“Ollaut” guramasynyň metbugat kampaniýasy boýunça ýolbaşçysy Ýuriý Guaýana Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde Türkmenistany Kasymberdi Garaýewiň nirede saklanýandygyny derhal düşündirmäge, eger-de ol tussaglykda bolsa, onuň dessine azat edilmegine çagyrdy.

 

“Biziň soragymyz juda ýönekeý, biz Kasymberdi Garaýewiň nirededigini bilesimiz gelýär. Biz Türkmenistanda LGBT aktiwistleriniň juda agyr günleri başdan geçirýändiklerini bilýäris. Kasymberdi Garaýew bilen bolup geçenler barada hökman düşündiriş berilmelidir. Biz ýene-de başga birnäçe gurama bilen Kasymberdiniň ýagdaýyny derňemek we ony azatlyga çykarmak boýunça kampaniýa başlaýarys. Ol özüniň jynsy ugruny  açyk boýun alyp, Türkmenistandaky LGBT aktiwistleriniň ýüzbe-ýüz bolýan ýagdaýlary barada disskusiýa başlamak isledi. Biz oňa hemaýat bermäge taýýar” diýip, halkara guramanyň wekili gürrüň berdi.

“Arçigeý” guramasy özüniň beýanatynda 2018-nji ýylyň maýynda BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşinde Türkmenistana syn berlende, Italiýanyň islendik, şol sanda adamlaryň jynsy ugruna esaslanýan diskriminasiýalaryň öňüni almak boýunça rekommendasiýalary berendigine ünsi çekýär.

 

“Şol sebäpli, Ýewropadaky LGBT guramalarynyň köpüsiniň adyndan biz Italiýanyň hökümetini Kasymberdi Garaýewiň ýagdaýyna alada bildirmegine, şeýle-de türkmen hökümetinden bu ýagdaýa düşündiriş bermegini soramaga çagyrýarys” diýip, guramanyň beýanatynda aýdylýar.

Ýatlatsak, aşgabatly 24 ýaşly lukman Kasymberdi Garaýew polisiýanyň edarasyna çagyrylanyndan soňra ýitiririm boldy. Mundan birnäçe gün öň, ýagny 21-nji oktýabrda Azatlyk Radiosy onuň Türkmenistanyň kanun goraýjy edaralarynyň işgärleriniň we öz ýakyn hosssarlarynyň basyşlary we gynamalary baradaky gürrüňini çap edipdi.

 

25-nji oktýabrda Azatlyk Radiosynyň kanun goraýjy edaralaryna ýakyn bir çeşmesi Milli Howpsuzlyk Ministrliginiň Kasymberdini gözleýändigini we oňa howp abanýandygyny aýdypdy. Çeşmäniň sözlerine görä, howpsuzlyk işgärleri, ilki başda “Kämil” ady bilen tanyşdyrylan, ýigide gabat gelip biläýjek ähli lukmanlary barlap başlapdyrlar.

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän Human Rigths Watch guramasy 1-nji noýabrda beýanat ýaýradyp, onda türkmen häkimiýetlerini Kasymberdi Garaýewiň tussaglykda saklanyp-saklanmaýandygy barada derhal jogap bermäge we eger, şeýle bolsa, ony dessine azatlyga goýbermäge we degişli düşündirişleri bermäge çagyrdy.

 

Türkmenistan gomoseksual gatnaşyklary jenaýat hasaplaýan ýurtlaryň hatarynda bolmagyna galýar. Dünýäde şeýle döwletler 60 töweregi bolup, olaryň sany gitdigiçe azalýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин: Колледжи проведут Дни открытых дверей


Спорт в России и мире
Москва

Курсант Пермского военного института Росгвардии принял участие в финале интеллектуальной олимпиады Приволжского федерального округа


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
ATP

Теннисиста Медведева выбили из топ-4 ATP


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Сергей Собянин. Главное за день





Путин в России и мире
Москва

В Москве стартовал Национальный конгресс эндокринологов


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Запись от имени Президента Беларуси сделана в книге соболезнований в посольстве Ирана




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Зеленский заявил, что обеспокоен заявлениями республиканцев в США


Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Анастасия Волочкова

Анастасия Волочкова рассказала в шоу Анфисы Чеховой на ТВ-3 о своём детстве



Москва

Стала известна стоимость билетов на суперфинал Кубка России по футболу

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net