Pompeo Owganystanyň parahatçylygy üçin iň gowy mümkinçilik gepleşikler diýdi
ABŞ-nyň döwlet sekretary Mike Pompeo Owganystanyň prezidentini "Talyban" bilen gepleşikleriň yza tesdirilmeginden aladalanma bildirmäge we bu söweşiji toparyň "bahar hüjümlerini" yglan etmegini ýazgarmaga çagyrdy.
Owgan syýasatçylarynyň we graždan jemgyýetçiliginiň 250 çemesi wekiliniň "Talybanyň" gepleşik alyp baryjylary bilen Dohada 19-njy aprelde başlanmagyna garaşylan owgan-ara gepleşiklerine gatnaşmalydy.
Bu duşuşykda "Talybanyň" we Kabulyň hökümetiniň resmileri ilkinji gezek bilen jemlenmelidi. Emma duşuşyk owgan delegasiýasynyň sany we düzümi bilen baglylykda dörän gapma-garşylyk sebäpli 18-nji aprelde gyssagly ýatyryldy.
Döwlet departamentiniň beýanatynda Pompeonyň Owganystanyň prezidenti Aşraf Ganä çagyryş bilen 21-nji aprelde ýüzlenendigi we "Talybanyň" bahar möwsümindäki nobatdaky hüjümlerini yglan etmegini ýazgarandygy aýdylýar.
Şeýle-de, Pompeo taraplary gepleşikleriň gatnaşyjylary boýunça ylalaşmaga çagyryp, parahatçylygy gazanmagyň iň gowy mümkinçiliginiň gepleşiklerdigini aýtdy.