Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Декабрь
2018
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

Aşgabatda baýramçylygyň öňýany sergezdan haýwanlar awlanýar

0
Aşgabatda baýramçylygyň öňýany sergezdan haýwanlar awlanýar

Türkmenistanyň paýtagtynda Bitaraplyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda itleriň we pişikleriň awlanmagy güýçlendi. Bu barada Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary gürrüň berýärler.

“Arassaçylyk” ýazgyly geýimdäki kommunal hojalygy edaralarynyň işgärleri haýwanlary tutan ýerinde öldürýärler. Pişikleri haltalara salyp, ýaşaýjylaryň gözüniň öňünde haltalary taýaklaýarlar ýa-da göterip ýoluň gyrasyndaky daşlara urýarlar” diýip, Azatlygyň habarçylarynyň biri 11-nji dekabrda Aşgabatdan habar berdi.

Onuň sözlerine görä, tutulýan haýwanlaryň ählisi sergezdan ýören it-pişikler däl. Olaryň arasynda hususan-da öýde saklanýan pişikler hem düşýär.

“Öldürlen pişikleriň ençemesiniň boýnunda bellikli bagjyklar bardy”, diýip habarçymyz belledi.

Azatlygyň habarçysy kommunal hojalygy edaralarynyň işgärlerine salgylanyp, haýwanlaryň ýok edilmeginiň paýtagtyň häkimliginiň görkezmesi bilen amala aşyrylýandygyny aýdýar.

Azatlyk Radiosy Aşgabadyň häkimligi bilen habarlaşmaga we resmi kommentariý almaga synanyşýar.

Oktýabr aýynda Azatlyk Radiosyna Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň haýwanlar babatyndaky rehimsizliklerden eden arz şikaýatyna berlen resmi jogabyň nusgasy gowuşdy.

Jemagat hojalygy müdirliginiň düzümindäki Arassalaýyş we abadanlaşdyryş birleşiginiň 2018-nji ýylyň 5-nji sentýabr güni ýaşaýjylaryň arza-şikaýatyna beren jogabynda "ykmanda it-pişikleriň ýokardan edilen görkezme esasynda" tutulýandygy habar berilýär.

 

 

Mundan öň Azatlygyň habarçylary we haýwanlary goraýjy aktiwistler it-pişikleri tutmak we ýygnamak boýunça işleri şäheriň kommunal hojalyk edaralarynyň we awtoulagly aýlanyp haýwanlary toplaýan ýörite guramalaryň berjaý edýändigini aýdypdy.

Bir hepde mundan öň Azatlygyň Aşgabatdaky başga bir habarçysy Parahat-1 we Parahat-2 etrapçalarynda itleriň we pişikleriň gyssagly awlanýandygyny habar beripdi.

Şeýle-de Aşgabatda haýwanlary tutmak we ýygnamak boýunça işler sentýabr aýynda Garaşsyzlyk baýramçylygynyň we oktýabryň dowamynda agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň öňýanynda güýçlenipdi.

16-njy oktýabrda Azatlyk Radiosyna Aşgabadyň ýaşaýyş jaýlarynyň birinde düşürlen wideo ýazgy gowuşdy. Bu wideoda itleriň zorluk bilen tutulýandygy görkezildi.

Azatlyk Radiosy bilen gizlinlik şertlerinde söhbetdeş bolan aktiwistleriň we haýwanlary goraýjylaryň sözlerine görä, itleriň we pişikleriň köpçülikleýin ýok edilýän wagtynda şäherde alakalar köp duş gelýär.

“Alakalar diňe bir parklarda däl, eýsem öýlerde hem bar. Nyýazow adyndaky 'garyplar keselhanasynda' hem bar, bu howply gemrijiler 'elitnyý' diýilýän ýokary oňaýlykly jaýlarda hem bar. Ine ýakyn günlerde öňki Podwoýskowo häzirki Bitarap Türkmenistan köçesinde alakany gördüler. Başda pişikdir oýdülen bu ullakan alaka 'elitnyý' jaýyň girelgesinden arkaýyn çykyp güne çoýundy we soň ýene-de rahat görnüşde girelgeden jaýa girip gitdi” diýip, Azatlyk bilen gizlinlik şertlerde gepleşen aşgabatly haýwanlary goraýjy aktiwist gürrüň berdi.

Türkmenistanda öýsüz it-pişikleri awlamak boýunça çäreler her gezek döwlet baýramçylyklarynyň we ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda ähmiýetli hasaplanýan dabaralaryň öňýanynda has güýçlenýär.

Türkmenistan 12-nji dekabrda Bitaraplyk baýramçylygyny toýlaýar.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин заявил о победе столичных проектов на премии «Умный город»


Спорт в России и мире
Москва

Спортсменка из Бутово выиграла «золото» на турнирах по художественной гимнастике


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
WTA

WTA озвучила Елене Рыбакиной условия для становления второй ракеткой мира


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Учения по ликвидации лесных пожаров прошли в Богородском округе





Путин в России и мире
Москва

Поведение Путина вызвало резонанс, потерянные в 90–е заводы возвращаются РФ


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Это - война: литовские беспилотники попытались атаковать Минск




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире

Навальный в России и мире
Москва

Продюсера Reuters арестовали за публикацию материалов на YouTube-канале «НавальныйLIVE»



Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



София Ротару

Данил Барановский и внучка Софии Ротару



Москва

«Субботник в лесу» прошел во всех лесничествах Подмосковья — Мурашов

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net