Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Октябрь
2018

Global gulçulyk hasabatynda Türkmenistanyň mejbury zähmeti ulanmak problemasyna üns berildi

0
Global gulçulyk indeksiniň Merkezi Aziýa boýunça hasabatyna görä, Ýewropa we Merkezi Aziýa dünýäde gulçulygyň täze görnüşlerini döredýän we netijelerini görýän regionlaryň biri bolup durýar.


"Walk Free Foundation", "International Labour Organization" (ILO) ýagny Halkara zähmet guramasynyň we "International Organization for Migration" (IOM), "Halkara migrasiýa guramasynyň" bilelikde çap eden hasabatynda dünýäde 40.3 million adamyň gulçulyk şertlerinde ýaşaýandygy, diňe bir Ýewropada we Merkezi Aziýada erkek adamlaryň, zenanlaryň we çagalaryň 3.6 milliony, gulçulykda ýaşaýandygy bellenýär. Bu san her 1000 adamdan tas 4 adamyň gulçulyk şertlerinde ýaşaýandygyny görkezýär.


Häzirki zaman gulçulygyň Merkezi Aziýa mahsus görnüşleriniň arasynda  ilaty mejbury zähmete çekmek we zenanlary durmuş gurmaga mejbur etmek ýaly problemalar agzalýar.


Merkezi Aziýada mejbur zähmet döwlet tarapyndan ulanylýar, muny Özbegistanda we Türkmenistanda raýatlaryň ekspluatasiýa edilmeginden görse bolýar" diýlip, 25 oktýabrda çap bolan hasabatda aýdylýar. 




"Her ýyl Türkmenistanda we Özbegistanda pagta ýygym kampaniýasynyň dowamynda onlarça müň erkek adam we aýal maşgala döwlet tarapyndan köpçülikleýin görnüşde eksport üçin niýetlenen pagtany ýygmaga mejbur bolýarlar. Şahsyýetler jezalandyrylmak, ýerini ýitirmek, işini ýitirmek, mekdepden kowulmak we girdejiden kesilmek gorkusy astynda işlemäge mejbur bolýarlar" diýlip, hasabatda aýdylýar.


Şeýle-de bellenişine görä, Halkara zähmet guramasynyň bilermenler topary 2017-nji ýylda Türkmenistanda jezalandyrylmak howpy astynda döwlet we hususy edara-kärhanalaryň onlarça müň işgäriniň pagta ýygmaga mejbur edilendigini, pagta önümçiliginde işleýän daýhanlaryň bolsa döwletiň kesgitlän planyny dolmaga mejbur edilendigini anyklapdyr. 







25-nji oktýabrda köpçülige hödürlenen bu hasabatda dünýäde häzirki zaman gulçullygyň görnüşleriniň döremeginiň adamlaryň pes ykdysady şertli ýurtlardan has ösen regionlara migrasiýa we howpsuzlyk sebäpli bosgun bolmagy bilen baglydygy aýdylýar. Gündogar Ýewropanyň ilatynyň Günbatar Ýewropa, öňki sowet respublikalarynyň, şol sanda Merkezi Aziýanyň ýaşaýjylarynyň Orsýete we Gazagystana ykdysady migrasiýasy, şeýle-de Ýakyn Gündogardaky konfliktlerden gaçýan bosgunlaryň Ýewropa barmagy bu adamlary ekspluatasiýa üçin ejiz edýär.




Şeýle-de, Türkmenistan ilatyň mejbury zähmete we jynsy gulçulyga köp sezewar bolýan ýurtlaryň hatarynda ýyllarboýy agzalyp gelýär. ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň “Adam gaçakçylygy” boýunça ozalky hem şu ýylky hasabatlarynda Türkmenistanda erkekler, aýallar we çagalar mejbury zähmete we jynsy gaçakçylyga sezewar edilýändigi bellendi. 





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net