Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Октябрь
2018

Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde jaý almak islegiňiz barmy?

0
Aşgabadyň häkimiýetleri Olimpiýa şäherçesiniň territoriýasynda ýerleşýän jaýlary satýarlar. Bu jaýlarda geçen ýyl aziýa oýunlarynyň dowamynda sportsmenler ýaşapdy. 


Azatlyk Radiosynyň hökümete ýakyn çeşmesiniň sözlerine görä, doly üpjün edilen jaýlar häzirki wagtda ministrlikleriň we döwlet edaralarynyň işgärlerine hödürlenýär.    


"Jaýlar eýýäm üpjün edilen, mebel, aşhanasy, hatda gap-çanagyna çenli. Esasan olary nebitgaz pudagynyň we ministrlikleriň işgärlerine hödürleýärler" diýip, Azatlyk bilen gizlinlik şertlerde söhbetdeş bolan çeşmämiz aýtdy.


Onuň sözlerine görä, teklip edilýän jaýlaryň ýokary oňaýlykly bolmagyna garamazdan, bahasynyň aşa ýokarydygy sebäpli olary satyn almaga isleg bildirýänler köp däl.


"Bahasy köpler üçin göterer ýaly däl. Iki we üç otagly jaýlaryň bahasy 5 milliondan başlanýar. Ilkinji tölegi umumy bahasynyň 20%-ni emele getirýär. 2-3 müň manat töweregindäki aýlyk bilen tölemek mümkin däl. Hatda 20-25 ýyllyk kredit alnanda-da her aýda 18-20 müň tölemeli boljak. Ministrlikleriň işgärleriniň aýlyklary hem 2-3 müň manat, uprawleniýe ýolbaşçylarynyň aýlyklary 6 müň manada çenli" diýip, çeşmämiz aýdýar. 




Türkmenistanda walýutanyň döwlet kursuna görä, 2-3 müň manatlyk aýlyk çak bilen 666-857 dollara barabar bolýar. 5 million dollarlyk jaýyň bahasy bolsa 1 million, 428.5 müň amerikan dollaryna düşýär.


Aşgabatdaky käbir döwlet edaralarynyň işgärleriniň aýtmagyna görä, häzirki wagtda teklip edilýän şol jaýlar alyjylara köpçülikleýin görkezilýär.    


"Bizi-de eltip görkezdiler, jaýlar gowy, ýokary oňaýlykly myhmanhana ýaly. Emma bize bu elýeterli däl. Indi şol jaýlary döwlet edaralarynyň arasynda bölüp, hersiniň işgärleriniň satyn almaly sanynyň kesgitlenmeginden howatyrlanýarlar. Ýolbaşçylar alada galýarlar" diýip, çeşmämiz aýtdy.


Olimpiýa şäherçesindäki jaýlaryň satylmagy boýunça geçirilýän häzirki çäreler barada Aşgabadyň häkimiýetleri we döwlet habar çeşmeleri habar bermeýärler. 


Emma mundan öň ýylyň başyndan bäri ýurt ýolbaşçylary bu jaýlary başda "ministrlikleriň, edaralaryň we parlament deputatlarynyň eýeçiligine bermek" we soňra "ýurduň raýatlaryna satmak" baradaky kararlaryny mälim edipdi.       




Aprel aýynyň başynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň häkimine zerur dokumentleri düzüp, Mejlisiň deputatlarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işgärleriniň Olimpiýa şäherçesiniň territoriýasynda bar bolan täze ýaşaýyş jaýlara göçmegini üpjün etmegi tabşyrypdy. 


Birnäçe aýdan soň awgustda häkimiýetleriň Olimpiýa şäherçesindäki jaýlary raýatlara satmak, ýaşaýyş infrastrukturany bolsa ýaşaýjylaryň zerurlygy üçin özgertmek karary barada habar berlipdi.   


Türkmenistan.ru internet neşriniň 21-nji awgustda habar bermegine görä, prezident Berdimuhamedowyň permany bilen, 118 öýli on iki gatly alty jaýy we 81 öýli on iki gatly sekiz jaýy kesgitlenen düzgüne laýyklykda degişli ministrlikleriň we döwlet edaralarynyň garamagyna tabşyrylmagyny üpjün etmeklik Aşgabadyň häkimligine tabşyrylypdyr.    


Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesi geçen ýylyň sentýabr aýynda geçirilen ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üçin döwletiň hasabyna gurlan iň gymmat infrastruktura obýektleriniň biridir. Türkiýäniň Polimeks kompaniýasy tarapyndan 157 gektar ýerde gurlan bu şäherçäniň giňişliginde sport obýektleri ýerleşýär. Olimpiýa şäherçesine edilen döwlet çykdajylary käbir maglumatlara görä, 5.5 milliard dollardan aşypdyr. 


Adam hukuklaryny goraýjy guramalar, Aşgabadyň häkimiýetleriniň Aziýa oýunlary üçin guran obýektleriniň, şol sanda Olimpiýa şäherçesiniň müňlerçe adamy öýsüz galdyrandygyny aýdýarlar. 





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net