Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Август
2018

Aşgabatda garaşsyzlyk baýramy üçin 'marşirowkalar' dowam etdirilýär

0
Aşgabadyň onlarça ýaşaýjysy günde demirýol wokzalynyň garşysyndaky "Dagdan" stadionynda" jemlenýärler we Garaşsyzlyk baýramy üçin maşklara gatnaşýarlar diýip, 23-nji awgustda "Türkmenistanyň alternatiw täzelikleri" atly garaşsyz neşir habar berýär.  




Neşriň Aşgabatdaky çeşmeleriniň maglumatyna görä, il içinde 'marşirowka' diýilýän bu taýýarlyklara her döwlet edarasyndan 5-10 adam çekilýär. Baýramçylyk güni prezident köşgüniň öňünden dabaraly ýagdaýda geçmek üçin görülýän bu taýýarlyklara paýtagtyň ýokary okuw jaýlarynyň okuwçylary hem gatnaşýarlar.   


Şu ýyl Türkmenistan döwlet garaşsyzlygynyň ýyl dönümini ilkinji gezek 27-nji sentýabrda bellär. 1991-nji ýyldan bäri ýurduň esasy döwlet baýramçylygy 27-nji oktýabrda bellenýärdi. Baýramçylyk senesiniň üýtgedilmegi sebäpli häkimiýetler oňa görýän taýýarlyklaryna hem ozalkysyndan ir başladylar. 




Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň awgustyň başynda habar bermegine görä, döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri heг çarşenbe güni işden soň we bazar günleri öýlän sagat üçde maşklaryň geçýän ýeri "Dagdan" stadionyna barmaly bolýarlar. 45 gradus yssyda geçýän "marşirowkalaryň" 16:00-da başlanyp, agşam sagat alty we ýedi aralygyna çenli dowam edýändigi aýdylypdy. 


Azatlyk bilen söhbetdeş bolan gatnaşyjylaryň biri - döwlet bankyň işgäri maşklara gatnaşýanlaryň arasynda saglygy gowşak adamlaryň we göwreli zenanlaryň bardygyny, olaryň käbiriniň yssy howada fiziki hereketlere çydaman özlerini erbet duýýandygyny aýdypdy. 


“Çaý-suw bilen sowadyjylaryň aşagynda oturýan işgärler üçin bu marşirowkalar durşuna bir jebir. Suwsuzlykdan bokurdagy gurap, gözi garaňkyrap durany haýsy, başy aýlanyp, stadionyň kölegesinde kellesini tutup oturany haýsy” diýip, söhbetdeşimiz belledi. 




"Türkmenistanyň alternatiw täzelikleri" neşriniň maglumatyna görä, baýramçylyk senesiniň golaýlamagy sebäpli häzirki wagtda döwlet işgärleriniň we studentleriň gatnaşmagyndaky maşklar günde geçirilýär.  


"Repetisiýalar şeýle geçýär: guramaçy mikrofondan görkezme berýär, haçan we nädip baýdaklary galgatmaly, nädip ýöremeli we haçan "Arkadaga şöhrat" diýip gyrgyrmaly. Eger-de kimdir biri wagtynda elini ýokary galdyrmasa, ýa-da başgaça ýörese, dürli edaralardan jemlenýän ýüzlerçe adamly tutuş märeke ähli hereketlere gaýtadan başlamaly bolýar" diýip, neşir Aşgabatdaky çemesini sitirleýär we döwlet edaralarynyň işgärleriniň we medisina, pedagogika we oba hojalyk ugrundan bilim alýan studentleriň gatnaşmagyndaky şeýle "marşirowkalaryň"  Daşoguzda hem Türkmenabatda geçirilýändigini habar berýär.




Türkmenistanda soňky ýyllarda döwlet baýramçylyklary we syýasy jemgyýetçilik çäreleri müňlerçe adamyň gatnaşdyrylmagyndaky köpçülikleýin çäresiz geçmeýär. Häkimiýetleriň guramaçylygynda geçirilýän çärelere býujet işgärleri mejbury ýagdaýda gatnaşdyrylýar.  


Belläp geçsek, geçen ýyllarda döwlete degişli edara-kärhanalarda, saglyk öýlerinde, banklarda, sosial üpjünçilik bölümlerinde müşderiler bilen işleýän işgärleriň çärelere ugradylmagy edaralardaky işleriň ýatyp galmagyna getiripdi.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net