Etsiz süňk we beýleki et önümleri gymmatlady
Türkmenistanda ykdysady kynçylyklaryň barha ýiti duýulýan döwri, et önümleriniň bahasy soňky 10 günüň dowamynda ortaça 50% ýokarlandy we olaryň käbir görnüşleri gytaldy.
Türkmenistanda ykdysady kynçylyklaryň barha ýiti duýulýan döwri, et önümleriniň bahasy soňky 10 günüň dowamynda ortaça 50% ýokarlandy we olaryň käbir görnüşleri gytaldy.
Türkmenistanda ykdysady kynçylyklaryň barha ýiti duýulýan döwri, et önümleriniň bahasy soňky 10 günüň dowamynda ortaça 50% ýokarlandy we olaryň käbir görnüşleri gytaldy.
Saud Arabystanyna haj zyýaratyna giden bir türkmenistanly Mekge şäherinde aradan çykdy diýip, Azatlyk Radiosynyň Daşoguz welaýatyndaky çeşmesi habar berýär.
12-nji awgustda Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Orsýetiň we Türkmenistanyň liderleri Hazar deňziniň durumy hakda uzak wagt bäri garaşylyp gelinýän konwensiýa gol çekmek maksady bilen Gazagystanyň Aktau şäherinde duşuşdylar.
Aşgabadyň "Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy" söwda merkeziniň öňünde mekdep ýarmarkasy açyldy. Alyjylar okuw esbaplarynyň bahalarynyň geçen ýylkylar bilen deňeşdirilende telim esse ýokarydygyny aýdýarlar.
15-nji awgustda ýokary derejede türkmen rus gepleşikleri geçirilmegi mümkin, prezident Wladimir Putin bilen Gurbanguly Berdimuhamedow Soçide duşuşýar diýip, Orsýetiň “Izwestiýa” neşiri 13-nji awgustda habar berdi.
Özbegistanyň Zor TW telekanalynyň Real Hit atly proýektiniň 9-njy awgustda Daşkentiň Aşgabat seýilgähinde geçiren pikir soraşygyna gatnaşanlaryň saýlan iň gowy 13 aýdymçysynyň arasyna Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow girdi.
Özbegistanyň "Zor TW" hususy telekanalynyň Real Hit atly teleproýektiniň 9-njy awgustda çap eden hit-paradyna Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow girdi. Daşkentiň Aşgabat seýilgähinde geçiren pikir soralyşygynda gatnaşyjylar iň gowy görýän aýdymçylarynyň adyny aýdyp, olaryň repertuaryndan iň halaýan aýdymlaryny ýerine ýetirip berdiler. Ses berijileriň biri Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýerine ýetirmegindäki "Garagum aýdymyna" özüniň ses berýändigini aýtdy. Читать дальше...
Owganystanyň gündogaryndaky Gazni şäheriniň üstünde “Talyban” jeňçileri bilen hökümet güýçleriniň arasyndaky barýan söweş tapgyr dördünji gününe girdi. Gazni welaýatynyň paýtagty Gazni Owganystanyň esasy uly şäherleri bolan Kabul bilen Gandaharyň arasyndaky uly ýolda ýerleşýär. Içeri işler ministrligi şähere goşmaça güýçleriň ugradylandygyny mälim etdi. Çaknyşyklarda 100 töweregi esger, polisiýa işgäri öldürildi we ýaralandy. Howpsuzlyk resmileri “Talybanyň” hem agyr ýitgileri çekýändigini aýtdy.
Türkiýäniň Merkezi banky ýurduň milli pul birliginiň hümmetsizlenmeginiň fonunda, ýurtda maliýe durnuklylygyny üpjün etmek üçin “ähli gerekli çäreleri” görmäge taýýardygyny aýdýar. Mundan öň, ýurduň maliýe ministri Berat Albaýrak bazardaky howatyrlanmalary gowşatmak üçin hökümetiň hereket planyny işläp düzendigini mälim edipdi. Türkiýäniň ykdysady çökgünlige uçramagynyň mümkindigi baradaky gorkularyň fonunda türk lirasy ABŞ-nyň dollaryna görä rekord derejede hümmetsizlendi. Ankaranyň Waşington... Читать дальше...
Rumyniýada müňlerçe adam eýýäm üçünji gije korrupsiýa garşy protestleri geçirip, hökümetiň çekilmegini talap edýärler. Ýekşenbe güni giçlik paýtagt Buharestde protestçiler Rumynyýanyň, NATO-nyň we Ýewropa Bileleşiginiň baýdaklaryny galgatdylar. Demonstrantlar häkimiýet başyndaky Sosial Demokratik Partiýany “gyzyl mergi” atlandyryp, onuň çekilmegini talap etdiler. Mundan iki gün öň, polisiýa demonstrantlara garşy göz ýaşardyjy gazy we suw toplaryny atandan soň, protestler gazaplylyga ýazypdy. Читать дальше...
Yragyň premýer-ministri Haýdar al-Abadi ABŞ-nyň Tährana garşy girizen sanksiýalary bilen ylalaşmasa-da, olara boýun bolmakdan başga alajynyň ýokdugyny aýdandan soň, onuň Eýrana etmeli sapary ýatyryldy. Yrak lideriniň iki günlük saparynyň ýatyrylmagy yglan edilende sanskiýalar baradaky ylalaşmasyzlyklar resmi ýagdaýda agzalmady. Abadiniň edarasy onuň 14-nji awgustda Türkiýä sapar etjekdigini, emma “doly gün tertibi sebäpli” onuň Eýrana etmeli saparynyň ýatyrylýandygyny mälim etdi. Atlandyrylmasyzlygyny... Читать дальше...
Siriýanyň demirgazyk-günbataryndaky Idlib welaýatynda ýarag ammarynyň partlamagy netijesinde parahat ilatyň arasyndan azyndan 36 adam, şol sanda 12 çaga öldi. Oppozisiýa tarapyndan dolandyrylýan Ak Kaskalar diýlip hem tanalýan, Siriýanyň Graždançylyk Goranyş toparynyň maglumatyna görä, partlama Türkiýäniň serhedine golaý Sarmada şäherinde ýüze çykypdyr. Aýdylmagyna görä, bir binanyň ýerzeminindäki ýarag ammary “Al-Kaýda” bilen ilteşikli bir topar tarapyndan dolandyrylypdyr. Partlamada azyndan 70 adam hem ýaralanypdyr.
Eýranda maliýe jenaýatlaryny amala aşyrmakda aýyplanyp 67 adam tussag edildi. “67 şübheli tussag edildi. Olaryň käbiri girewine azatlyga goýberildi. Ýüzden hem gowrak hökümet resmisine we şahsy pudagyň wekillerine garşy syýahat gadagançylygy girizildi” diýip, Eýranyň adalat ministrliginiň metbugat wekili mälim etdi. Mundan bir gün öň, Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Khameneýi maliýe jenaýatçylyklaryna garşy göreşjek ýörite kazyýetleriň esaslandyrylmagyny oňlady.
Pakistanyň kömür käninde metan gazynyň patlamagy netijesinde azydan dört magdançy öldi, 13-si hem dereksiz ýitdi. Ýerli polisiýa hadysanyň ýekşenbe güni Kwetta şäherinden 50 km uzaklykdaky Sanjdi şäherinde ýüze çykandygyny mälim etdi. Dereksiz ýiten magdançylaryň hem heläk bolandygy çaklanylýar. Pakistanda kömür känlerinde heläkçilikli hadysalar häli-şindi ýüze çykýar. Tankytçylar muňa howpsuzlyk şertleriniň berjaý edilmeýändiginiň sebäp bolýandygyny aýdýarlar.
Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).
123ru.net — живые новости в прямом эфире!
В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.